Täzelikler

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen duşuşygynda sözlän sözi

Hormatly telekeçiler! Hormatly adamlar! Ýubileý ýylynda we Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda şu gün siziň bilen duşuşyp, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň öňünde durýan wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem bar bolan meseleler barada siziň pikiriňizi diňlemek we olary çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak barada karara geldim. Biziň duşuşygymyzda göz öňünde tutulan esasy meselelere geçmezden öň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýy barada gysgaça durup geçmek isleýärin.

Hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryň derejesi has-da ýokarlanýar

10-11-nji martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň Türkmenistana döwlet sapary bolup geçdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen belent mertebeli myhmanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Duşyşygyň dowamynda Hormatly Prezidentimiz iki doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklaryň asyrlaryň taryhyndan gözbaş alýandygyny we soňky ýyllarda şol gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmagyň baý tejribesine esaslanýandygyny belledi. Häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklar ýokary derejesi bilen tapawutlanyp, ol dostlukly we netijeli häsiýete eýedir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatyna iş sapary başlandy

 

22.01.2017 Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady. Ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň dolandyryş merkeziniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde, Türkmenabat şäheriniň howa menzilinde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň hem-de Lebap welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Özara bähbitli hyzmatdaşlyk pugtalanýar

2014-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň Türkmenistana resmi sapary başlandy. Gazagystanyň Baştutanynyň bu sapary iki ýurduň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we hemmetaraplaýyn ösdürmäge tarap esasy ugra ygrarlylygyň subutnamasydyr.