Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bank ulgamynyň işgärlerine we ähli ildeşlerimize Türkmenistanyň milli pul birligi - manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyry iberdi. Gutlagda şeýle diýilýär: 

Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan bank ulgamy çalt depginler bilen ösýän ulgamlaryň birine öwrüldi. 

Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň bank ulgamynyň ygtybarlygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler döwlet syýasatymyzda möhüm orny eýeleýär. Bu ulgamyň durnukly işlemegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bäsleşige ukyplylygyny, depginli ösüşini üpjün etmek hem-de dünýä ykdysady giňişligine goşulyşmagy üçin möhümdir. Bank işiniň netijeli we ygtybarly bolmagyna gönükdirilen uzak möhletleýin işler maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, milli manadymyzyň hümmetini mundan beýläk-de durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan halkara derejelerine çykarmak, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny, innowasion tehnologiýalaryny bank işine giňden ornaşdyrmak bank ulgamynyň esasy wezipeleri bolup durýar. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglerine laýyk getirmek ugrundaky işler dowam etdirilýär. Yurdumyzyň banklary tarapyndan hyzmatlaryň görnüşleri artdyrylýar hem-de hili ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek, ilatyň maliýe sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem bank ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesi ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän okuwlar, maslahatlar arkaly yzygiderli ýokarlandyrylýar. 

Biz geljekde hem ýurdumyzyň pul-karz syýasatyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ykdysadyýetimiziň önümçilik we eksporta gönükdirilen pudaklaryna maliýe taýdan goldaw bermäge, halkara maliýe guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, bank ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmäge, ulgama in täze innowasion, döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga aýratyn üns bereris.