“Altyn asyr” bank kartylary arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlar üçin ýygym almak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky, 2016-njy ýylyň 01-nji iýulyndan başlap şahsy taraplaryň “Altyn asyr” bank kartylary arkaly bankomatlardan we terminallardan alnan nagt puluň möçberinden 1 (bir) göterim ýygym hem-de nagt däl tölegleri amala aşyrylanda her bir geçirilen töleg üçin 0.20 manat ýygym almaklygy meýilleşdirýär.