Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hatyra gününe bagyşlanan çärä gatnaşdy

Penşenbe, 06 oktýabr 2016 Aşgabat, 6-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, şeýle hem 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýatlama güni – Hatyra güni bellenilýär. Şu gussaly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi, hemme ýerlerde aýat-doga okalýar, sadaka berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine gatnaşdy. 68 ýyl mundan ozal tebigy heläkçilik türkmen halkyna uly ýitgi getirdi, ýüzlerçe müň adamyň ömür tanapyny üzdi. Tebigy betbagtçylyk bir salymyň içinde owadan we gülläp ösýän şäheri hem-de onuň etegindäki obalary weýran etdi. Bu pajygaly waka baradaky ýatlamalar henize çenli türkmenistanlylaryň ýüreklerinde ýaşaýar. Geçen onýyllyklar halkymyzyň hakydasyndan hem-de ýüreginden ýertitremäniň pidalary bolan ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň atlaryny öçürip bilmedi. ... Irden aşgabatlylaryň we myhmanlaryň müňlerçesi paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşen hem-de gaýduwsyz gahrymanlara çuňňur sarpanyň, türkmen halkynyň özüniň beýik geçmişine hormatynyň ägirt uly nyşany bolan “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna geldiler. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklanýar, bu ýerde hormat garawuly nyzama düzülipdir. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby hem-de hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, milli parlamentiň deputatlary, hormatly ýaşulular, daşary ýurtly işewürler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýygnandylar. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamzat taryhynda iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri bolan 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ählisini hatyralamak üçin “Ruhy tagzym” ýadygärligine tarap ugraýar. Ýygnananlar bir minutlap dymmak bilen, bu aýylganç heläkçiligiň pidalaryny hatyralaýarlar. Çuňňur matamyň nyşany hökmünde milli Liderimiz baş egýär. Döwlet Baştutanymyz bu senä aýratyn duýgy bilen garaýar. Çünki şol pajygaly gijede tebigy heläkçilik hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy -- 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerine gatnaşan, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe – ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan Berdimuhammet Annaýewiň ömür tanapyny üzdi. ... Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky, öňküsi ýaly, ata-babalarymyzdan miras galan däplere eýerip, adalatly, ynsanperwer, asylly işleri amala aşyrýar. Häzirki wagtda ýurdumyz milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda döredijilikli içeri we daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Döwletimizi mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, türkmenistanlylaryň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň möçberli maksatnamalar amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň taryhyna täze sahypalar altyn harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyz halkara hukugynyň kadalaryna eýerip, hem-de milli däp-dessurlara daýanmak bilen, dünýäniň dürli döwletleri bilen syýasy, ykdysady we medeni ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Biziň dostlukly, zehinli hem-de zähmetsöýer halkymyz häzirki döwrüň beýik maksatlaryna ýetmek maksady bilen, gurýar, döredýär we ynamly öňe barýar. Mähriban topraga çäksiz söýgi, bitewülik we agzybirlik, milli ruhuň esasyny hem-de many-mazmunyny düzýän öz güýjüne bolan ynam we ynsanperwerlik agyr synaglardan üstünlikli geçmäge hem-de Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň paýtagty we buýsanjy bolan mähriban Aşgabadymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Adam, jemgyýet we döwlet, olaryň abadançylygy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň esasyny düzýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň her bir raýatynyň asuda we bolelin durmuşda ýaşamagyny, ertirki gününe bolan ynamyny üpjün etmek baş wezipedir. Şu babatda häzirki döwürde paýtagtymyz “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrülip, barha gözel keşbe eýe bolýar. Ak mermerli paýtagtymyz türkmen halkynyň köp nesilleriniň eziz Watanymyzyň nurana geljegi, bagtyýar ykbaly baradaky arzuwynyň hasyl bolmagydyr. ... Soňra milli Liderimiz türkmen topragynyň edermen ogullarynyň öçmejek halk hakydasynyň nyşanyna öwrülen “Milletiň ogullary” ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül çemenini goýdy. Biziň gözbaşlarymyz, gadymy köklerimiz, mirasymyz täze taryhy eýýamda halkymyzyň bagtyýar geljegini gurýan ygtybarly binýadyna öwrüldi. Türkmen jemgyýetiniň mizemez ýörelgeleriniň biri-de milli gahrymanlarynyň hatyrasyny hemişe saklamak bilen baglanyşyklydyr. Olaryň hatarynda Gökdepe galasyny goraýjylar we adamzat taryhynyda iň aýylganç heläkçilik bolan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň söweşlerine gatnaşyjylar bar. Şu gün, Hatyra güni biziň halkymyz öz gahrymanlaryny hatyralap, olaryň gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egýär. Halkymyz Watanymyzyň garaşsyzlygy ugrunda duşmana garşy gaýduwsyz göreşen Gökdepe galasynyň ýaşaýjylary bolan ýaşululary, zenanlary we çagalary ýatlap matam tutýarlar. Olar abanan howpdan birjik-de heder etmän, galany batyrlyk bilen goranlar bilen birlikde, güýji agdyk gelýän duşmana berk gaýtawul berdiler. Biziň her birimiz gahrymançylykly taryhymyzyň her bir döwrüni ýatlap, ady rowaýata öwrülen gahrymanlarymyzyň gaýduwsyzlygy baradaky hakydany nesilden-nesle geçirýäris. 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda watandaşlarymyzyň müňlerçesi deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja wepalylyk, Watana ygrarlylyk görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň we mähriban Watanymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hormatyna bina edilen “Baky şöhrat” ýadygärligine gül çemenini goýdy. Döwlet Baştutanymyzyň yzýany ýadygärliklere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleri, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary hem-de myhmanlary gül desselerini goýýarlar. Sähel pursatda gül desseleri ýadygärlikleriň etegindäki mermer plitalaryň üstüni örtýär. Ýadygärliklere gül goýmak çäresi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we bu ýere ýygnananlar sadaka bermek üçin niýetlenen ýörite ýere barýarlar. Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, her ýyl şu gün Türkmenistanda Hatyra gününiň bellenilýändigini aýtdy. Türkmen halkynyň öten-geçenlerimizi hatyralamak hem-de ýatlamak, Watan goragçylarynyň, gahrymanlarynyň ýagty ýadygärligini baky minnetdarlyk bilen hormatlamak ýörelgelerinden ugur alyp, Gökdepe urşunda, Watanymyzyň azatlygy ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda janyny gurban eden gahrymanlary, şeýle hem 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýertitremesinde şehit bolanlary hatyralaýarys. Şunuň bilen baglylykda, şu gün biz halk hakydasyny, ata-babalarymyzyň arzuwlaryny, halkymyzyň şöhrata beslenen taryhyny özünde jemläp, minnetdar nesilleriň edermen ata-babalarymyzyň deňsiz-taýsyz gahrymançylygynyň we gaýduwsyzlygynyň öňünde baş egmeginiň nyşany bolan Ýadygärlikler toplumynda hakyda çäresini geçirýäris. Biziň borjumyz tebigy heläkçilikde şehit bolanlary, duşmanlara garşy göreşde gaýduwsyzlyk, esgerlik borjuna, eziz Watanymyza wepalylyk görkezenleri hemişe ýadymyzda saklamalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda mähriban halkymyzyň däp-dessurlaryny aýawly saklamaga aýratyn üns berilýär. Gadymdan gelýän ýörelgä eýerip, Hatyra güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sadaka berilýär, ýagşy umyt bilen doga-dilegler edilýär. “Berlen sadakalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, milli Liderimiz aýtdy. Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň müftüsine söz berdi, ol tebärek çykdy, şondan soňra nahar çekildi. Nahardan soň, öten-geçenleriň ruhunyň şat bolmagy dileg edilip, aýat-töwir okaldy. Bu gün hatyra çäreleri we sadakalar paýtagtymyzda hem-de Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda geçirildi. Goý, Beýik Biribar şu gün okalan ähli aýat-dogalary öz dergähinde kabul etsin! Goý, türkmen topragynda asudalyk we agzybirlik, abadançylyk we rowaçlyk höküm sürsün! Beren sadakalaryňyz kabul bolsun!