Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ozal berlen anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler. Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýewe söz berildi.

Ý.Berdiýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan, milli goşunymyzyň kuwwatyny artdyrmaga, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen köpugurly harby özgertmeleriň ilerledilişi barada hasabat berdi. Goranmak ministri Ýaragly Güýçlerimiziň harby-tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak, olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçip, milli Liderimizi türkmen esgerleriniň mukaddes harby kasama wepaly bolmak bilen, mähriban halkymyzyň we eziz Watanymyzyň asudalygynyň hem-de abadançylygynyň bähbidine abraý bilen gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň harby ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýandygyny belläp, döwletimiziň türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň goragynda berk durýan milli goşunymyzy kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de uly üns berjekdigini aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy B.Gündogdyýew Döwlet serhedindäki ýagdaý, 2017-nji ýylyň başyndan bäri eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek we Watan goragçylary üçin mynasyp ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gury ýer we suw serhetleriniň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek boýunça geçirilýän işleriň örän möhümdigini nygtap, özygtyýarly Türkmenistanyň döwlet serhediniň parahatçylyk we dostluk serhedi bolmagyny üpjün etmegiň gullugyň işgärleriniň öňünde durýan asylly hem-de jogapkärli wezipeleriň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz biziň döwletimiziň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmek maksady bilen, serhet gullugynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny aýtdy. Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde ýanwar-aprel aýlarynda alnyp barlan işler, hususan-da, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, jemgyýetçilik tertibini saklamak we düzgün bozmalara gözegçilik etmek, şol sanda ýurdumyzyň ulag ýollarynda sazlaşykly hereketi üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Ýangyn howply möwsümiň başlanmagynyň öňüsyrasynda ýangynyň döremek howpunyň öňüni almak maksady bilen işlenip taýýarlanylan çäreler barada aýratyn durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda içeri işler ministrliginiň möhüm ornuny belläp, bu edaranyň we onuň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ministrligiň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklaryň birnäçesini, hususan-da, ýangynyň döremeginiň öňüni almak hem-de ýol gözegçilik gullugynyň işini güýçlendirmek, ýol hereketiniň kadalarynyň berjaý edilişine yzygiderli gözegçilik etmek we şeýlelikde, ulag serişdeleriniň sürüjileriniň hem-de pyýada ýolagçylarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek babatda görkezmeleri berdi.

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly diýlip yglan edilen şu ýylda saglyk üçin zyýanly endikleri aradan aýyrmak hem-de sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek boýunça işler ep-esli işjeňleşdirilmelidir. Özi-de, bu işe saglygy goraýyş edaralarynyň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de il-sylagly ýaşulular çekilmelidir. Döwlet Baştutanymyz içeri işler edaralarynyň wezipeli işgärleriniň arasynda wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para alyp, kanun bozulmalara ýol beren işgärleriň ýüze çykarylandygyny aýdyp, wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikowa berk käýinç yglan etdi. Soňra Baş prokuror A.Hallyýewe söz berildi.

Ol milli Liderimize ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hem-de ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanyň kanunlarynyň berk berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça prokuratura edaralary tarapyndan görlen anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, döwlet we hususy düzümler tarapyndan kanunçylygyň berjaý edilişine mundan beýläk-de berk gözegçiligi amala aşyrmagy hem-de garamagyndaky düzümleriniň ählisinde tertip-düzgüniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn belledi. -Şu gün biz hemmämiz üçin örän ýakymsyz ýagdaý bolan, gulluk borçlary boýunça halkymyzyň gymmatlyklaryna gönükdirilen islendik hyýanatçylykly hereketlere garşy göreş alyp barmaly hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda parahorluga we korrupsiýa baş goşan işgärler baradaky meselä seredýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip aýtdy. - Men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşymda hem beýleki çykyşlarymda hem, eýeleýän wezipelerine garamazdan, şeýle ýaramaz hereketleriniň öňüni aljakdygymyzy, döwlet işgärleriniň, ilkinji nobatda hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ak ýürekden we halal ýerine ýetirmeklerini talap etjekdigimizi, döwlet işgärleri üçin biziň Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bähbitleriniň ähli zatdan ýokary bolmalydygyny hemişe aýdyp gelýärin diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuraturanyň we içeri işler edaralarynyň birnäçe işgärlerini korrupsiýa we parahorluga baş goşandyklary üçin eýeleýän wezipelerinden boşatýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewe olaryň işlerine düýpli seretmegi tabşyryp, biziň döwletimizde korrupsiýa we parahorluga ýol berilmeli däldigini aýratyn nygtady hem-de döwlet işgärleri tarapyndan şeýle bikanyn hereketleriň edilmeginiň, eýeleýän wezipelerine garamazdan, örän berk öňüniň alynjakdygyny ýene-de bir gezek duýdurdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow garamagyndaky para alýan korrumpirlenen işgärlere çäre görüp bilmedik A.Hallyýewe ýüzlenip, ony Baş prokuror wezipesinden boşatmaga razylyk berilmegini haýyş edip, Mejlise hödürnama iberýändigini aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi, Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary, Baş müdirligiň başlygy, ýustisiýanyň geňeşçisi B.Gulowyň üstüne ýüklemek hakyndaky Karara gol çekdi. B.Gulow öz öňlerinde durýan wezipeleriň abraý bilen ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallasyny, gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz oňa ýurdumyzda kanunçylygy berk berjaý edilmegi, parahorlugyň düýp-teýkary bilen soňuny çykylmagy ýaly örän jogapkärli we möhüm wezipede üstünlik arzuw etdi. “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de Kararlara gol çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi E.Garamanow gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin Balkan welaýatynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi O.Rozyýew Balkan welaýatynyň prokurory wezipesine bellenildi we ol Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen birinji derejeli ýurist B.Esenow Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň prokurory wezipesine bellenildi. Hormatly Prezidentimiz prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş edendikleri sebäpli, özüniň Kararlary bilen ýurdumyzyň etraplarynda we şäherlerinde prokuratura edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň birnäçesini eýeleýän wezipelerinden boşatdy hem-de olaryň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi beýleki jogapkär işgärleriň üstüne ýükledi. Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň we netijeleriň ýurdumyzda kazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz kazyýet edaralarynyň işiniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady. Milli Liderimiz bu düzümi kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreleriň ähmiýetini belläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerinden gelip çykýan wezipeleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça onuň işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyny belledi. Soňra milli howpsuzlyk ministri D.Baýramow ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda durmuş-jemgyýetçilik durnuklylygyny saklamak hem-de döwletiň esaslaryny pugtalandyrmagyň we häzirki türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan durmuş-ykdysady ösüş wezipeleriniň ählisini üstünlikli çözmegiň möhüm şerti bolup durýan milli howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow asudalygy hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzda asudalygy we durnuklylygy gorap saklamagyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmeginiň girewi bolup durýandygyny nygtady. Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler, hususan-da, ýurdumyzyň serhedinden geçirilýän ýükleriň içgin barlanmagyny üpjün etmek, gullugyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak we ony iň döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi. Ýurdumyzyň çäginden täze söwda ýollarynyň geçmegi, Diýarymyzda geçirilýän halkara derejesindäki çäreleriň, ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň hem-de telekeçileriň sanynyň ep-esli artmagy daşary syýasat işiniň ýokarlanmagyna, gümrük serhedinden geçýän harytlaryň we ulag serişdeleriniň möçberleriniň artmagyna getirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň okgunly ösýän Türkmenistana gyzyklanmasynyň yzygiderli artýandygyny kanagatlanma bilen belläp, bu gullugyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada durup geçdi we olary ýerine ýetirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Nobatow 2017-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp baran işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we üstünlikli durmuşa geçirilýän parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň dünýäniň syýasy we işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurdumyza gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýändigi we şunuň bilen baglylykda, Döwlet migrasiýa gullugynyň işiniň möçberleriniň we çäkleriniň giňelýändigi bellenildi. Milli Liderimiz bu gullugyň işini kämilleşdirmek baradaky meselelere ünsi çekip, onuň işgärleriniň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýan halkara hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak babatda öz borçlaryna örän jogapkärli çemeleşmelidigini, Türkmenistanyň migrasiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hem-de eziz Watanymyzyň abraýynyň has-da artdyrylmagyna ýardam etmelidigini belledi. Adalat ministri B.Muhamedow ýolbaşçylyk edýän ministrliginiň şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan hukuk özgertmelerini yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan, ýurdumyzyň okgunly ösmegini üpjün etmäge, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde bu ministrligiň işiniň möhüm ornuny belläp, ýurdumyzyň ilatyna ýokary hilli hukuk kömegini bermek, onuň hukuk babatda sowatlylygyny ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet durmuşynyň ähli ulgamlaryny özgertmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň giň möçbere eýedigini belläp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň ünsüni wajyp meseleleriň birnäçesine çekdi. Şol meseleleriň üstünlikli çözülmegi bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ynamly öňe barýan ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine ýardam edýär.

Hususan-da, döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzümini watançylyk ruhunda terbiýelemäge, olaryň hünär ussatlygyny we söweşjeň taýýarlygyny ýokarlandyrmaga hem-de jemgyýetçilik tertibini gorap saklamak, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça işi güýçlendirmäge aýratyn üns bermegi talap etdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmegiň aýratyn ähmiýetini belläp, köpsanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşjak bu iri sport baýramçylygyna harby we hukuk goraýjy edaralaryň düýpli taýýarlyk görmeginiň wajypdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, döwletimizde korrupsiýa we parahorluga garşy güýçli göreşiň alnyp baryljakdygyny hem-de eýeleýän wezipelerine garamazdan, bu nogsanlyklara baş goşanlaryň ählisine berk çäre görüljekdigini ýene-de bir gezek nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli düzümlerinde, ilkinji nobatda, ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlaryň arasynda parahorluk we gulluk wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmak ýaly nogsanlyklaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen, olara berk talap bildiriljekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, biziň döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidiljekdigini belledi. Şeýle hem harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada edilýär. Olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de dowam etdiriler. Döwletimiz harby gullukçylary barada hemişe alada eder diýip, milli Liderimiz aýtdy we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna berk jan saglyk, bagt we Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň abadançylygyň bähbidine alyp barýan jogapkärli işinde we gullugynda täze üstünlikleri arzuw etdi.