Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi

Onda pudaklaryň geçen dört aýda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlendi, döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine garaldy. Ministrler Kabinetiniň mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki guramalaryň ýolbaşçylary çagyryldy. Mejlisde wise-premýerler, ministrleriň käbirleri, welaýatlaryň häkimleri ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler hem-de olaryň işine baha berildi. Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz düýpli bellikleri we talaplary beýan edip, ýolbaşçylar düzümiň öňünde ýakyn döwür üçin anyk wezipeleri goýdy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky meselä garaldy.

Hormatly Prezidentimiz hökümetiň giňişleýin mejlisiniň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň 2017-nji ýylyň dört aýynda ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler netijesinde, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda we ýurdumyzyň sebitlerinde durnukly ösüş üpjün edilýär, ilatymyzyň durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Muňa şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri hem şaýatlyk edýär. Wise-premýer jemi içerki önümiň ösüş depginleri barada aýtmak bilen, hasabat döwründe bu görkezijiniň 6,2 göterim, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterim, gurluşykda 4,3 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterim, söwdada 10 göterim, oba hojalygynda 3,5 göterim, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterim ýokarlanandygyny aýtdy.

Dört aýyň jemleri boýunça öndürilen önümleriň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6 göterim artdy. Halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly ýokary görkezijiler gazanyldy. Bölek satuw haryt dolanyşygynyň depgini 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17,1 göterim ýokarlandy. Sarp ediş harytlaryň, ilata edilýän hyzmatlaryň nyrhlary bellenilen çäkde saklanyldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalary boýunça ortaça aýlyk zähmet haklary 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,1 göterim artdy. Wise-premýer ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp,

Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň möçberiniň 5,6 milliard manada, çykdajy böleginiň 5,3 milliard manada deň bolandygyny habar berdi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary wagtynda tölenildi. Garalýan döwürde maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 12,2 milliard manada barabar boldy. 2017-nji ýylyň dört aýynyň deslapky jemleri boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda” meýilleşdirilen işleriň çäklerinde, ýurdumyz boýunça 200,4 kilometr inženerçilik ulgamlary, 1243,3 kilometr aragatnaşyk ulgamlary çekildi, 329,2 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş maksatly 65 desganyň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 30-synyň gurluşygy tamamlanyldy. Häzirki wagtda 500,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de dürli maksatly düzümleýin desgalaryň gurluşygy alnyp barylýar. Soňra Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy A .Öräýewa şu ýylyň dört aýynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ykdysady görkezijileri hakynda hasabat berdi. Şeýle hem statistika ulgamyny kämilleşdirmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler hakynda habar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, hasaba alyş we statistika ulgamyny has-da ösdürmegiň möhümdigini belledi. Bu ykdysadyýeti ösdürmegiň döwlet dolandyryş usullarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz statistika ulgamynda işlenip taýýarlanylýan maglumatlaryň ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny we degişli çözgütleriň kabul edilmelidigini tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda ýol berlen kemçilikleri aradan aýyrmak üçin netijeli çäreleri işläp taýýarlamak barada degişli görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow A.Öräýewanyň garamagyndaky düzümiň işini kämilleşdirmek maksady bilen alyp barýan guramaçylyk we dolandyryş işlerine nägilelik bildirip, bu babatda zerur çäreleri görmek üçin duýduryş berýändigini aýtdy. Soňra Merkezi bankyň başlygy M. Annadurdyýew gözegçilik edýän düzümlerinde hasabat döwründe geçirilen işleriň jemleri, hormatly Prezidentimiziň ozar beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler barada maglumat taýýarlanylanda olaryň netijelerine zerur seljermeleriň geçirilmeginiň wajypdygyny aýratyn nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli manadyň satyn alyş ukybynyň yzygiderli ýokarlanmagy, bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň we hiliniň gowulandyrylmagy, oňa dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň, täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, täze maliýe gurallarynyň işlenip taýýarlanylmagy we bank işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin M.Annadurdyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi we bank edaralarynyň işine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow B.Hojamämmedowa hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň häzirki döwürde alyp barýan işleriniň netijelerine nägilelik bildirdi. Hususan-da, milli Liderimiz kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigini belledi. Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ministrliklere we pudak edaralaryna ýeterlik ýardam berilmeýär.

Ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada, Oba milli maksatnamasynda, ýurdumyzyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak, edara-kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, biržalary döretmek, hünärmenleri taýýarlamak, täze iş orunlaryny döretmek, ýerli býujeti ýerine ýetirmek boýunça maksatnamalarda göz öňünde tutulan çäreler doly ýerine ýetirilmeýär. Ýurdumyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, daşary ýurt pulundaky serişdeleriň gelip gowuşýan möçberini artdyrmak boýunça esasy wezipeler haýal ýerine ýetirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Maliýe ministrligi ministrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýyna talaba laýyk gözegçilik etmeýär. Ministrlikleriň maliýe ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça hiç hili teklip bermeýär. Şoňa görä-de, ministrlikleriň köpüsi býujet boýunça hem, öz potratçylary bilen hem ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklary geçirip bilmeýär. Netijede, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň arasynda özara hasaplaşyklar we borçnamalar boýunça bergileriň möçberi köpelýär. Şonuň üçin hem, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň bergileri ýyl geçdigiçe barha artýar. Şeýle ýagdaý pudaklaryň ösmeginde bökdençlikleri döredýär. Bu bolsa ýaramaz netijelere getirýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz maliýe ministri M. Muhammedowa wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara - kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin berk käýinç yglan edip, bu ugurda bar bolan meseleleri düýpli seljermegi, kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedip, işleri talaba laýyk ýola goýmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Bu meselä Ministrler Kabinetiniň ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde ýene-de garaljakdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda oňat netijeler gazanylmasa, kemçilikler düzedilmese, maliýe ministrini eýeleýän wezipesinden boşatmak baradaky meselä serediljekdigini belledi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Babaýew nebitgaz toplumynyň kärhanalarynyň hasabat döwründe ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” amala aşyrmagyň barşy hakynda hasabat berdi.

Nebiti we gaz kondensatyny çykarmak boýunça meýilnama 106,9 göterim, nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 103,6 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ugratmagyň meýilnamasy 108,8 göterim ýerine ýetirildi. Şunda tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň ösüş depgini 101,1 göterime barabar boldy. Käbir nebit önümlerini, şol sanda benzin öndürmek boýunça meýilnama 11,8 göterim, dizel ýangyjy — 5,4 göterim, polipropilen — 7,6 göterim, suwuklandyrylan gaz — 27,6 göterim berjaý edildi. Maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnama 120,7 göterim ýerine ýetirildi. Soňra “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy D. Hajyýew ýurdumyzyň nebit senagatynyň esasy görkezijileri we şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebit çykarýan düzümdäki işleriň ýagdaýyna düýpli nägilelik bildirdi. Hormatly Prezidentimiz M. Babaýewe gözegçilik edýän düzümlerindäki işiň ýagdaýyny jikme-jik seljerip, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns bermegi we bu ugurda degişli çäreleri durmuşa geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryny berk gözegçilikde saklamagy talap etdi. Şol taslamalar milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, şol sanda döwrebap gazhimiýa önümçiliklerini gurmak babatda wezipeleri çözmäge ýardam eder. Nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylaryna nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, ýangyç çig maly gaýtadan işlemek ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we şunuň esasynda dünýä bazarynda uly islegden peýdalanylýan ýokary hilli önümleri çykarmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Öz nobatynda “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy M.Meredow önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň birnäçesiniň, şol sanda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bina edilýän dynç alyş toplumy bolan akwaparkyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynyň deňiz şypahana düzüminiň üstüni ýetirjek akwaparkyň gurluşygynyň depginine düýpli nägilelik bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu desganyň gurluşygy haýal alnyp barylýar we taslamanyň maliýeleşdirilişinde birnäçe düzgün bozmalar bar. Döwlet Baştutanymyz desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy, ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi babatda zerur tagallalary görmegi tabşyrdy.

Eger gerek bolsa onuň gurluşygyny alyp barýan potratçysyny çalyşmaly diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz Ýokary gözegçilik edarasynyň we prokuratura işgärleriniň geçiren barlaglarynyň netijesinde, toplumyň işinde köpsanly düzgün bozmalaryň ýüze çykarylandygyny belläp, bar bolan kemçilikleri gysga wagtda düzetmegi berk talap etdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D. Amangeldiýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2017-nji ýylyň dört aýynda geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Aşgabat şäher häkimligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň möçberi 137 million 461 müň 500 manada deň bolup, meýilnama 111,4 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 137,6 göterime barabar boldy. Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň umumy möçberi 53 million 941 müň manada deň boldy. Meýilnama 106,2 göterim ýerine ýetirilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 105 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 110,3 göterim ýerine ýetirildi.

Bu düzümde geçen ýylyň dört aýy bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 101,9 göterime deň boldy. Hasabat döwründe 7 milliard 955 million 063 müň kilowat-sagat elektrik energiýasy öndürildi. Şeýlelikde, elektrik energiýa önümçiliginde ösüş depgini 105,8 göterime ýetirildi.

Eksportuň ösüş depgini 103,9 göterime barabar boldy. 2017-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmek hem-de hyzmatlar boýunça meýilnama 111,1 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 112,9 göterime deň boldy. Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan önümleri öndürmek we işleri ýerine ýetirmek boýunça meýilnama 103,1 göterim berjaý edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 100,6 göterim derejede üpjün edildi.

Aşgabat şäherini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak hem-de ösen şäher düzümini kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler hasabatyň aýratyn meselesi boldy. Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ähli degişli düzümler türkmen paýtagtynyň keşbini has-da gözelleşdirmek, aşgabatlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça utgaşykly işleri alyp barýarlar. Milli Liderimiz wise-premýer D.Amangeldiýewe hem-de toplumlaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalarda göz öňünde tutulan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy. Telekeçilerimiz bilen netijeli işleri alyp baryp, bilelikdäki kärhanalary, täze iş orunlaryny döretmeli.

Pudaklaryň durnukly işlemegini we döwlete girdeji getirmegini gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Döwlet Baştutanymyz senagat pudagynda hem bikanun hereketlere ýol berilýän ýagdaýlaryň bardygyny, munuň hem pudak üçin örän ýaramaz ýagdaýdygyny aýdyp, kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ulag hem-de aragatnaşyk ulgamynyň edaralary we kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň jemleri hakynda hasabat bilen çykyş etdi. Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ösüş depgini ýük daşamakda 101,2 göterime, ýolagçy gatnatmakda 106,2 göterime barabar boldy. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler hakynda habar berildi. 2017-nji ýylyň dört aýynda ösüş depgini 101,7 göterime deň boldy.

Bu görkeziji ýük dolanyşygynda 103 göterime, ýolagçy gatnatmakda 101 göterime barabar boldy. Aragatnaşyk ministrligi boýunça işleri ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 101 göterime deň boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegi kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyz boýunça 139 müň, şol sanda 130 müň öýjükli belgi we 9 müň ýerli telefon nokady gurnalyp, meýilnama 160 göterim ýerine ýetirildi. “Türkmenhowaýollary” gullugynda üstünlikler gazanyldy. Ýanwar-aprel aýlarynda awiahyzmatlaryň ösüş depgini 109 göterime barabar boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 109 göterime we ýolagçy gatnatmakda 110 göterime deň boldy. Geçen döwrüň içinde Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 101 göterim berjaý edildi. Ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 102 göterime barabar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek meselesine degip geçdi we wise-premýerden hem-de toplumyň degişli ýolbaşçylaryndan işleri öz wagtynda, bellenen möhletlerde tamamlamak üçin ähli zerur işleri geçirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyz V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de ýurdumyza geljek myhmanlaryň oňat garşylanyp, dynç almagynyň, olara gowy hyzmat edilmeginiň aragatnaşyk serişdeleriniň, howa we awtomobil ulaglarynyň bökdençsiz we talaba laýyk işlemegine köp derejede baglydygyny aýtdy. Milli Liderimiz iri desgalaryň, howa menzilleriniň, deňiz portunyň gurluşygy barada aýdyp, wise-premýere bir aýyň dowamynda ýerlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşmagy hem-de olary ulanmaga bermek boýunça meýilnamalaryň tertibine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň senagat merkezleri bolan Lebap we Balkan welaýatlarynda howa menzillerini, ýagny Garlykda we Gyýanlyda howa menzillerini gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew söwda toplumynyň hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynyň şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň esasy görkezijileri barada hasabat berdi. Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygy 1 milliard 503, 6 million manada barabar boldy, şol sanda bölek haryt dolanyşygy 601, 2 million manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,7 göterim artdy. Hasabat döwründe 33,5 million manatlyk maýa goýumlary özleşdirildi.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 80-si geçirilip, umumy bahasy 7,4 milliard manada deň bolan şertnamalaryň 3858-si hasaba alyndy. Şol şertnamalaryň umumy möçberinde harytlaryň eksporty we importy bilen bagly şertnamalaryň bahasy 6,3 milliard manada barabar boldy.

Söwda-senagat edarasy boýunça 6,28 million manatlyk hyzmat işleri amala aşyryldy. Gazanylan peýda 2,1 million manat bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8,5 göterim artdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça 173 million manatlyga barabar senagat önümleri, 298,3 million manatlyk oba hojalyk we azyk önümleri öndürilip, olaryň möçberi degişlilikde 32,6 göterim we 26,4 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň möçberi 1,1 milliard manatdan gowraga deň boldy. Söwda haryt dolanyşygy 3,7 milliard manada deň bolup, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,6 göterim artdy. Hyzmat ulgamynda 321,6 million manatlyk işler ýerine ýetirilip, onuň möçberi 14,9 göterim artdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki wagtda söwda işiniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň geriminiň giňelýändigi bilen häsiýetlendirilýändigini, ýöne eksportuň möçberlerini artdyrmak babatda entek garaşylýan netijäniň gazanylmaýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda ulgamyny ösdürmek, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmak, eksport ugurly önümleri öndürmekde telekeçiligi işjeňleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S. Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe Bilim ministrliginiň buýurmagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň, 600 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň we 72 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy alnyp baryldy. Ýanwar-aprel aýlarynda zehinli mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 45 medal, şol sanda 5 altyn, 19 kümüş we 21 bürünç medal, talyplar bolsa 7 medal, şol sanda 1 altyn, 1 kümüş hem-de 5 bürünç medal gazandylar. Internet bäsleşiklerinde mekdep okuwçylary 10 medal, talyplar 154 medal gazanmagy başardylar. Ýylyň dört aýynyň dowamynda okuw kitaplarynyň hem-de gollanmalaryň golýazmalarynyň 215-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, olaryň 69-sy neşir edildi. Aprel aýynda Türkmenistanyň bilim edaralarynda hünär synagy geçirildi. Bilim ulgamynyň hünärmenleriniň 69-sy we mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň 159-sy daşary ýurtlara iş we okuw saparlarynda hem-de ders bäsleşiklerinde boldular. Mundan başga-da, Bilim ministrliginde beýleki döwletleriň wekilleri bilen 14 duşuşyk geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň institutlary tarapyndan birnäçe gurluşyk, önümçilik ähmiýetli tehnologiki reglamentler we taslamalar işlenip düzüldi hem-de önümçilige ornaşdyryldy. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýurmagynda 3 desganyň — Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň, Türkmenbaşy şäherinde "Awaza" şypahanasynyň hem-de Mary şäherinde çagalar hassahanasynyň gurluşygy dowam edýär. Hasabat döwründe Döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 2016-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,4 göterim, ýerlenen önümlerden we hyzmatlardan alnan girdeji 113 göterim, derman senagatynda öndürilen önümleriň möçberi 102 göterim artdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar. 5-nji aprelde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň biraýlygyna badalga berildi. 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly iri halkara forumy hem-de “Awaza” sport toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi. Aprel aýynyň soňky ongünlüginde paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde agyr atletika we kikboksing boýunça Aziýa çempionaty hem-de Olimpiýa suw sport toplumynda suwda ýüzmek boýunça sebitleýin halkara ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşlarda türkmen ştangaçylary 9 medal (1 altyn, 2 kümüş we 6 bürünç medal), kikbokçularymyz 75 medal (27 altyn, 25 kümüş we 23 bürünç medal), suwda ýüzüji türgenlerimiz 11 medal (2 altyn, 6 kümüş we 3 bürünç medal) gazandy. Kikbokçularymyz umumytoparlaýyn hasapda birinji orny eýelemegi başardy. Ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda içerki ýaryşlaryň 117-si hem-de köpçülikleýin sport çäreleriniň 60-sy geçirildi. Biziň türgenlerimiz halkara ýaryşlarynyň 52-sine gatnaşyp, jemi 342 medal (124 altyn, 109 kümüş we 109 bürünç medal) gazandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere degişli tabşyryklary bermek bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýakyn wagtlarda örän jogapkärli döwrüň -- orta mekdeplerde gutardyş synaglarynyň başlanýandygyny, ýokary okuw mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanýandygyny aýtdy. Soňra ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine giriş synaglary geçiriler. Tomus möwsümine çenli çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň ählisi doly taýýar edilmelidir. Döwlet Baştutanymyz bu çäreleriň ählisiniň ýokary derejede geçirilmeginiň üpjün edilmegini talap edip, ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän giriş synaglaryna jemgyýetçilik gözegçiligini ýola goýmagy, ýurdumyzyň zehinli ýaşlaryny daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ibermek bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmek meselesine geçip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna geçirilýän atly ýörişi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu atly ýöriş ýokary derejede tamamlanmalydyr. Hormatly Prezidentimiz ilaty derman serişdeleri bilen üpjün etmek meseleleriniň çözülişine nägilelik bildirip, wise-premýere ýurdumyzyň derman senagaty kärhanalarynyň işini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Adamlar ol ýa-da beýleki derman serişdelerini tapmakda kynçylyklary çekýärler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine bergileri bilen baglanyşykly meseleleri çözmegi tabşyrdy. Wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, garamagyndaky edara-kärhanalaryň işine ýolbaşçylyk etmekde kemçiliklere ýol berendigi üçin saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowa berk käýinç yglan etdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A. Garajaýew gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda Döwlet baýdagynyň güni, Halkara zenanlar güni, Milli bahar baýramy, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Şeýle hem täze desgalaryň açylyşlarynda dürli medeni çäreler guraldy. Daşary ýurtlar bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça işler dowam etdirilýär. Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň hem-de Palestina Döwletiniň Medeniýet günleri, ýurdumyzyň Medeniýet günleri Katarda üstünlikli geçirildi. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda işleýän daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalary bilen bilelikde filmleriň görkezilişi, sergiler, konsertler hem-de daşary ýurtlaryň medeniýet işgärleri bilen duşuşyklar guraldy. Döwlet sirkinde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sirk artistleriniň çykyşlary görkezildi. Ýurdumyzyň medeniýet ulgamynyň işgärleri dünýäniň birnäçe döwletlerinde geçirilen çärelere gatnaşmak üçin iş saparlarynda bolup geldiler. Häzirki wagtda daşary ýurtlarda—türkmen ýaşlarynyň bilim alýan döwletlerinde türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlaryny guramak boýunça işler alnyp barylýar. Döwrüň talaplaryna laýyklykda, teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we medeniýet ulgamynyň beýleki edaralarynyň işi kämilleşdirilýär. Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy boýunça haryt öndürmegiň möçberi 43 million 704 müň manada deň bolup, meýilnama 125,6 göterim ýerine ýetirildi. Kitap önümleriniň 6 million 856 müň 505 nusgalykdaky 118 görnüşi çap edildi. Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan girdejiniň meýilnamasy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 101,4 göterime deň boldy. Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly işleriň mazmunyny we ähmiýetini halkymyza açyp görkezmek, gyzgyny bilen dünýä ýaýmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini häzirki döwrüň talaplaryna hem-de tehniki ösüşiň gazanylanlaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işleri amala aşyrmagyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere hem-de degişli ýolbaşçylara ýurdumyzda meýilleşdirilen köpsanly medeni çäreleri we baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly çärelere aýratyn üns bermegiň, bu iri waka ykjam taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwürleýin metbugatda hem-de teleradioýaýlymlarda ýurdumyzyň sport üstünliklerini hem-de türkmen sportuny ösdürmekde ýetilen sepgitleri giňden beýan etmek boýunça işini işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýawly we rejeli ulanmak bilen baglanyşykly möhüm meselelere hem aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu meseläniň gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda hem-de teleradiogepleşiklerde yzygiderli beýan edilmelidigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz milli mirasymyzy wagyz etmek boýunça geçirilmeli işlere ünsi çekip, ony has-da işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady. Merdana halkymyzyň köp asyrlyk taryhynda dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna giren baý medeni mirasy emele geldi. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna giren ýadygärlikleri, halk döredijiliginiň dürdäne eserlerini, aýdym-saz we şekillendiriş sungatynyň ajaýyp nusgalaryny hem-de beýleki köpsanly milli gymmatlyklarymyzy görkezmek bolar. Bu gymmatlyklary wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri has-da güýçlendirmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we pudagyň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredowa söz berildi. Wise-premýer öz çykyşyny hoş habar bilen başlady. Şu ýylyň 7-nji aprelinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara sport kongresiniň Jarnamasynyň 2017-nji ýylyň 10-njy maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde bu guramanyň alty sany esasy dillerinde neşir edilendigini habar berildi. Munuň özi Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda alyp barýan giň möçberli işleriniň we öňe sürýän asylly başlangyçlarynyň halkara derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzy abraýly halkara guramasynyň ýurdumyz we halkymyz üçin möhüm derejesi hem-de taryhy ähmiýetli çözgüdi bilen gutlady. Milletler birleşigi tarapyndan Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ykrar edilmegi we goldanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň belent derejelere ýetmegini şertlendirýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek babatda DIM-niň ýanwar-aprel aýlarynda geçiren işleriniň jemleri hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistan dünýäde eziz Watanymyzyň abraýynyň barha artmagyny şertlendiren netijeli halkara hyzmatdaşlyk strategiýasyny durmuşa geçirmegi dowam edýär. Şunda döwletara gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara, duşuşyklara we gepleşiklere möhüm orun berilýär. Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Prezidentiniň Pakistan Yslam Respublikasyna, Katar Döwletine hem-de Gazagystan Respublikasyna iş we döwlet saparlary boldy. Biziň ýurdumyza bolsa Özbegistan Respublikasynyň hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidentleri döwlet we resmi saparlary bilen geldiler. Şunuň bilen birlikde, hasabat döwründe Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň we beýleki resmi adamlaryň Türkmenistana saparlary boldy. Türkmenistana DIM-niň üsti bilen dürli derejedäki daşary ýurt wekiliýetleriniň 150-si sapar bilen geldi. Şol bir wagtda daşary ýurtlara türkmen wekiliýetleriniň 282-si ugradyldy. Ýanwar-aprel aýlarynda çäreleriň 82-si – maslahatlar, duşuşyklar we beýlekiler guraldy. Halkara resminamalarynyň 61-sine gol çekildi. Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky ikitaraplaýyn geňeşmeler yzygiderli häsiýete eýe bolup, ýylyň başyndan bäri bu ugurda duşuşyklaryň 15-si geçirildi. Ýanwar-aprel aýlarynda Hökümetara toparlarynyň nobatdaky mejlisleri geçirildi. Olaryň işi netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, işewür gatnaşyklary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga gönükdirilendir. Mundan başga-da, ýurdumyzda we daşary döwletlerde bilelikdäki işewürler maslahatlarynyň birnäçesi guraldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara gatnaşyklary meselelerinde işjeň orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň geljekde hem parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny geçirip, netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ösdürmek bilen, umumy bähbitlere gelýän netijeli gatnaşyklaryň gerimini yzygiderli giňelder diýip belledi. Sebit hem-de dünýä gün tertibiniň ileri tutulýan wezipeleriniň, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, energetika, ulag, ekologiýa, durmuş-ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlar ýaly möhüm ugurlarda ileri tutulýan wezipeleriň deňagramly çözgüdini tapmaga gönükdirilen döredijilikli başlangyçlary öňe sürmek bilen, ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň kabul eden Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny gazanmaga anyk goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň köpdürli mümkinçiliklerini amatly amala aşyrmak maksady bilen, yzygiderli, netijeli işleri dowam etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna degişli tabşyryklary berdi. Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa şu ýylyň dört aýynyň jemleri boýunça milli parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi. Deputatlar ýurdumyzyň kanunçylyk –hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda, kanunçylyk namalaryny taýýarlamak boýunça işleri dowam edýärler. Şol namalar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, onuň demokratik esaslaryny berkitmegiň maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär. Şu ýylyň başyndan bäri geçirilen parlamentiň maslahatlarynda kanunçylyk namalarynyň 65-si, şol sanda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 32-si we Mejlisiň kararlarynyň 33-si kabul edildi. Häzirki wagtda iş toparlarynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda sarp edijileriň jemgyýetlerini, erkin ykdysady zolaklary döretmegiň hukuk esaslaryny üpjün edýän, muzeý işini, pagtaçylygy, telekeçiligi ösdürmek, haýyr-sahawat, ekologiýa howpsuzlygy, konsullyk gulluklarynyň işini düzgünleşdirýän birnäçe kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamak işleri dowam edýär. Mejlisiň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça çykyp giden deputatlarynyň , welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, halk maslahatynyň, Geňeş agzalarynyň 21-nji maýda geçiriljek saýlawlary boýunça degişli işler alnyp barylýar. Mejlisiň deputatlary parlamentara gatnaşyklaryny has-de ösdürmek hem-de kanunçykaryjylyk babatda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek maksady bilen ýurdumyzda we daşary döwletlerde halkara duşuşyklaryna we maslahatlaryna gatnaşdylar. Ýola goýlan halkara gatnaşyklary hem pugtalandyrylýar we ösdürilýär. Ahal welaýatynda geçiriljek Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatyna taýýarlyk görmek, türkmen jemgyýetiniň gadymdan gözbaş alýan demokratik edaranyň ornuny has-de berkitmek üçin onuň işini kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, kanunçylyk taýdan goldamagyň döwletimiziň durmuş-ykdysady wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Mejlisiň türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleri ornaşdyrmaga gönükdirilen işleriniň möhümdigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn giňeltmegiň we çuňlaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilýän mejlisinde oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylary hasabat bilen çykyş etdiler. Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň galla meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleri, orak möwsümine taýýarlyk boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk pudagynda möhüm möwsüm hasaplanylýan galla oragyna guramaçylykly girişmek we ony ýokary derejede tamamlamak boýunça oňa dahylly düzümleriň sazlaşykly işiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Welaýat boýunça galla taýýarlamak baradaky meýilnamanyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalar görülmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi. Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow sebitiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy hem-de galla oragyna guramaçylykly girişmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini aýratyn belledi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň oba hojalyk toplumynda galla oragy möwsümine görülýän taýýarlyk işleriniň derejesine ünsi çekip, möwsümiň ýokary derejede tamamlanmagy ugrunda sazlaşykly işleriň ýola goýulmalydygyny tabşyrdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler hem-de galla oragyna görülýän hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde girişmek we gallanyň meýilnama esasynda taýýarlanmaly mukdaryny üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew 157 müň gektar meýdany bolan bugdaýly pellerde degişli ideg işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygy, gallaçylaryň ýyllyk borçnama hötde gelmek ugrunda netijeli işleri alyp barýandygy hakynda hasabat berdi. Milli Liderimiz welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň möhüm talapdygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz galla oragyny guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly meselelere hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow welaýatyň etraplarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ak ekinlere edilýän ideg işleri we galla oragyna guramaçylykly girişmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly we ýokary hil derejesinde geçirilmegi, orak möwsüminde ulanyljak tehnikalaryň, kabul ediş bölümleriň taýýarlygy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy. Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, şäher gurluşyny gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hakynda habar berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň mynasyp durmuş şertleriniň üpjün edilmegini möhüm döwlet wezipeleriniň hatarynda görkezip, bu ugurda başy başlanan işleri dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Milli Liderimiz Aşgabat şäheriniň häkimine meýilleşdirilen ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy hem-de ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýew şu ýylyň dört aýynda gözegçilik edýän pudaklarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Tutuş oba hojalyk toplumy boýunça önümçiligiň umumy möçberiniň ösüş depgini 103,4 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba we suw hojalyk ministrligi boýunça 105,2 göterim, Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti boýunça 104,1 göterim, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterim hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşigi boýunça 106,2 göterim üpjün edildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, unuň öndürilişi 4,2 göterim, unaş önümleriniň öndürilişi 10,7 göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4,6 göterim, ýumurtganyň öndürilişi 5,1 göterim hem-de gök önümleriň öndürilişi 12,9 göterim artdy. Ministrlik we pudak edaralary tarapyndan maýa goýumlaryny özleşdirmegiň meýilnamasy 119, 4 göterim ýerine ýetirildi. Hasabatyň çäklerinde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada habar berildi. Gowaça ekilen meýdanlaryň 428 müň 78 gektarynda endigan gögeriş alyndy, zerur agrotehniki çäreler geçirilýär. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Galla kabul ediş bölümlerini, däne orýan kombaýnlary, awtoulaglary we beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer E. Orazgeldiýewiň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň ünsüni döwletimiz tarapyndan uly goldaw berilýändigine garamazdan, oba hojalygynda özgertmeleriň entek haýal amala aşyrylýandygyna çekdi. Milli Liderimiz häzire çenli ýer kadastrynyň hem taýýarlanylmandygyny, oba hojalygyny dolandyrmagyň haýsy ugrunyň amatly boljakdygynyň hem anyk kesgitlenilmändigini, oba hojalygynda fermerçilik hojalyklarynyň ýa-da hojalygy ýöretmegiň başga görnüşiniň esasy ugur hökmünde bähbitli boljakdygyny kesgitlemek boýunça zerur işleriň geçirilmändigini belledi. Işgärleri taýýarlamak bilen bagly meseleler hem talaba laýyk çözülmeýär. Ýurdumyzyň maldarçylyk pudagynda hem köpsanly meseleler bar. Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmek, oba hojalygyny dolandyrmagyň gurluşyny kämilleşdirmek bilen bagly hem çözülmegini talap edýän meseleler bar. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerden bu meseleleri gysga wagtyň içinde seljermegi talap edip, gözegçilik edýän toplumynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlarda ýygy-ýygydan bolup, oba hojalygyny özgertmek boýunça maksatnamalaryň amala aşyrylyşy bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmek bilen bagly düýpli meseleler boýunça teklipleri taýýarlamak barada hem anyk görkezmeleri berip, şol tekliplere şu ýyl geçiriljek Ýaşulularyň maslahatynda serediljekdigini belledi. Oba hojalygynda hem parahorluga we korrupsiýa ýol berilýän ýagdaýlary bar, bu örän ýaramaz ýagdaýdyr diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de wise-premýere bu ýagdaýy, şol sanda oba hojalygynda ýolbaşçylaryň eýeleýän wezipelerine laýyklygyny hem düýpli seljermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk toplumyny dolandyrmak ulgamyny has-da kämilleşdirmek, kärendeçileriň hem-de ekerançylaryň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bularyň ählisiniň oba hojalyk özgertmelerini işjeň ilerletmäge, pudagyň girdejililigini ýokarlandyrmaga, dürli oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýewe söz berdi, birnäçe edaralarda geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hasabat bermek bilen, ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän adamlaryň arasynda parahorlugyň we korrupsiýa kadalarynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Käbir prokuratura edaralarynyň işgärleri babatynda jenaýat işleriniň kazyýet seljermeleriniň jemleri habar berildi. Olar Begenç Sarykow 1980-nji ýylda doglan Ahal welaýatynyň Baharly etrap prokurory wezipesinde işlän, Gülnara Annamyradowa 1966-njy ýylda doglan, Baharly etrabynyň ýuridiki maslahathanasynyň müdiri bolup işlän, Begençmyrat Jumagylyjow 1974-nji ýylda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda doglan, Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary bolup işlän, Amangeldi Puhanow 1979-njy ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda doglan, ol Balkan welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň oba hojalygynda kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik bölümçesiniň uly prokurory wezipesinde işlän. Ýokary kazyýetiň başlygynyň hasabatynda Çary Mämmetjanow 1968-nji ýylda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde doglan, Balkan welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň başlygy wezipesinde işlän, Batyr Şyhmyradow, 1983-nji ýylda Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň Ýeňiş daýhan birleşiginde doglan, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň prokurory wezipesinde işlän, 1985-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde doglan, Lebap welaýat prokuraturasynyň Sakar etrabynyň prokurory wezipesinde işlän Döwletgeldi Gylyçnazarow agzalyp geçildi. Nurmyrat Abdrasulow 1985-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň “Zaman” geňeşliginde doglan, Mary welaýat prokuraturasynyň Baýramaly şäher prokurory wezipesinde işlän, Azat Allakow 1981-nji ýylda Mary welaýatynyň Ýölöten şäherinde doglan, Mary welaýat prokuraturasynyň Baýramaly şäher prokurorynyň uly kömekçisi wezipesinde işlän, Öwezgeldi Ömürow 1979-njy ýylda doglan, Baýramaly şäher polisiýa bölüminiň başlygy bolup işlän, Şirmyrat Saparow 1979-njy ýylda Aşgabat şäheriniň Ruhabat etrabynyň Gypjak obasynda doglan, Ahal welaýatynyň Altyn Asyr etrabynyň proкurory wezipesinde işlän, Ýusup Ärsaryýew 1981-nji ýylda Ahal welaýatynyň Sarahs şäherçesinde doglan, Balkan welaýatynyň Serdar etrap prokurory wezipesinde işlän, Myrat Hollyýew 1982-nji ýylda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň Çarlakýap geňeşliginde doglan, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap prokurory wezipesinde işlän, Baýramgeldi Goçyýew 1982-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň 10 ýyl abadançylyk geňeşliginde doglan, Daşoguz welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň oba hojalyk bölümçesiniň prokurory wezipesinde işlän, Röwşen Gylyçmämmedow 1977-nji ýylda Aşgabat şäherinde doglan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň prokurory wezipesinde işlän, 1971-nji ýylda Mary welaýatynyň Mary etrabynda doglan, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap prokuraturasynyň uly sülçüsi wezipesinde işlän Orazgeldi Omarow babatynda parahorluk hadysalarynyň bolandygy ýüze çykaryldy. Mejlisiň barşynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzda parahorlugyň we korrupsiýanyň soňuna çykmak boýunça hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda degişli edaralaryň geçen işleri barada hasabat berdi. Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy geçirilen seljerme işler baradaky hasabaty dowam etmek bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň gazhimiýa toplumlaryny gurmak boýunça direksiýasynyň, Azyk senagaty döwlet birleşiginiň Baýramaly ösümlik ýag kärhanasynyň we Senagat ministrliginiň “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň Baharly sement zawodynyň öňki ýolbaşçylarynyň kanunlary gödek bozup, wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, parahorluga we korrupsiýa ýüz urup, eden jenaýatlary boýunça görlen çäreler barada habar berdi. Olaryň hatarynda nebitgaz pudagynda 2013-2015-nji ýyllarda ýolbaşçy wezipelerde işlän Döwran Garajaýew, bu pudakda 2015-nji ýyldan bäri jogapkärli wezipäni eýelän Agajan Annaýew hem bar. Mundan başga-da, Annaýew özüniň jenaýatçylykly işlerine ýakyn hossarlaryny – ejesini we daýzasyny hem şärik edip, olaryň kömegi bilen parahorluk ýoly bilen alnan pullary gymmat bahaly şaý-sepleriniň söwdasynyň dolanyşygyna gönükdiripdir. Şeýlelikde, ol bikanun hereketleri bilen gymmat bahaly daşlaryň resminamalardaky görkezilen bahalaryny peseldip, döwlete tölenýän salgytlary gizlemek arkaly girdejileriniň möçberini has-da artdyrmak isläpdirler. Türkmenistanyň senagat ministriniň orunbasary özüniň gözegçilik edýän düzümlerinde bar bolan bidüzgünçiliklere göz ýumup, parahorlugyň ösmegine ýol beripdir hem-de bikanun geleşiklere gatnaşyp, abraýdan düşüpdir. Şeýle hereketlere baş goşan adamlaryň ählisi jogapkärçilikden sypmady we olar kanunçylykda görkezilen jezasyny çekerler. Ýokary kazyýetiň başlygy häzirki wagtda günäkärleriň hereketlerine para almak, ynanylan döwlet emlägini eýelemek bilen bagly jenaýatlaryň alamatlary boýunça jenaýat işi gozgalyp, derňew hereketleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Adalat ministri B.Muhammedow hukuk binýadyny kämilleşdirmek, döwrüň ruhuna we talabyna laýyk gelýän täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak meselesine geçip, B.Atdaýewi başga işe geçmegi sebäpli wise-premýeriň wezipesinden boşadýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ony Baş prokuroryň wezipesine bellemäge razylyk almak üçin B.Atdaýewiň resminamalaryny Türkmenistanyň Mejlisine iberdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary wezipesine Orazmyrat Gurbannazarow bellenilip, ol Daşoguz welaýatynyň häkiminiň wezipesinden boşadyldy. Hormatly Prezidentimiz Muhammetmyrat Aýdogdyýewi oba hojalyk ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeriň wezipesine belläp, ony “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygynyň wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz M.Aýdogdyýewe ýakyn wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine bellemek üçin ýolbaşçyny teklip etmegi tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz ekologiýa syýasaty meseleleri barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Annabaýewe göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek babatda öňem birnäçe gezek duýdurandygyny ýatlatdy. Ýöne, muňa garamazdan daşky gurşawy goramakda öňe gidişlik duýulmady diýip, milli Liderimiz belledi we ekilen baglara ýaramaz ideg edilýändigini, olaryň wagtly-wagtynda suwarylmaýandygyny, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda hem işleriň talaba laýyk alnyp barylmaýandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow M.Annabaýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy. Bu wezipä Batyrmyrat Orazmyradow bellenildi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem beýleki käbir guramaçylyk meselelerine garady. Şeýlelikde Mämmet Baýramgulyýew Daşoguz welaýatynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesinden boşadyldy. Welaýatyň täze ýolbaşçysy ýakyn wagtda Daşoguz şäheriniň häkimi wezipesine bellemek üçin ýolbaşçyny teklip etmelidir. Ý.Annaýew “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň iş dolandyryjysynyň wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetiren Mergennepes Annanepesow bellenildi. M.Nurmämmedow Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Iş dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradowyň üstüne ýüklenildi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýerleri welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça jogapkär edip bellemek hakyndaky Karara gol çekdi. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi boýunça edilen hasabatlary jemledi. Ýurdumyzda şu ýylyň dört aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, bar bolan içerki meselelere we dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýy bilen bagly birnäçe kynçylyklara garamazdan, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýokary ösüş depginini saklap gelýändigimizi görkezýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şu döwürde ýurdumyzda jemi içerki önümiň möçberiniň artyşy 6,2 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, biz ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagy başardyk. Zähmet haklarynyň möçberi hem 9,1 göterim köpeldi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda umumy bahasy 45 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 1 müň 900-e golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar. Şol desgalaryň 1 müň 800-e golaýyny öz gurluşyk kärhanalarymyz gurýar. Dört aýyň dowamynda göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň ählisi gurlup, ulanmaga berildi. Şolaryň hatarynda umumy meýdany 441,7 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri, çagalar baglary we birnäçe beýleki durmuş maksatly desgalar bar. Kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamynda özgertmeler dowam etdirilýär. Önümçilik desgalary döwrebap ýagdaýa getirilýär. Bazar ykdysadyýeti emele gelýär. Nebitgaz ýataklary yzygiderli özleşdirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan—Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy alnyp barylýar. Ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ulanmak bilen, möhüm ähmiýetli beýleki taslamalar hem amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiz hususy telekeçiligi ösdürmäge goldaw bermek, ýurdumyzyň telekeçilerini ykdysadyýetimizde özgertmeleri amala aşyrmaga giňden çekmek syýasatyny dowam edýäris. Bu ugurda geçirilýän işleriň netijesinde, ykdysadyýetiň döwlete degişli däl böleginiň jemi içerki önümiň düzümindäki paýy durnukly artýar. Bu görkeziji häzirki döwürde 62,2 göterime barabardyr. Umuman, oňat netijeleriň gazanylandygyna garamazdan, çözülmeli meseleler entek köp. Biz bu meseleleri anyk bilýäris. Olary çözmek boýunça döwlet maksatnamalary kabul edildi. Bar bolan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça anyk wezipeler kesgitlendi. Biz bu barada Ministrler Kabinetiniň birinji çärýegiň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde jikme-jik belläp geçdik. Bu ugurda öňde goýlan wezipeleri biz hökman ýerine ýetirmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzirki döwürde biz ylym, bilim ulgamlarynda, oba hojalygynda, nebitgaz toplumynda, hukuk goraýjy edaralarda we beýleki ugurlarda iri syýasy we ykdysady özgertmeleri amala aşyrýarys. Bu özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini hil taýdan täze derejä çykarmakdyr. Şeýle hem, durmuş maksatlaryna gönükdirilen bazar ykdysadyýetli demokratik, dünýewi, hukuk döwleti hökmünde Türkmenistany ösdürmek, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we mejlisiň gün tertibiniň indiki meselesine geçdi. Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy bilen birlikde, parahorluk we korrupsiýa ýaly örän ýaramaz täsirli meseleler ýüze çykyp başlady. Jemgyýetçilik durmuşynyň bu hadysalary ykdysadyýetden başlap, ahlaga çenli, biziň durmuşymyzyň dürli ugurlaryna örän ýaramaz täsirini ýetirýär. Parahorluk we korrupsiýa döwlet edaralaryny we jemgyýeti erbet netijelere getirýär. Netijede, ykdysadyýetiň ösüşi bökdelýär. Döwletiň ösüş ýolunda düýpli päsgelçilikler döreýär diýip, milli Liderimiz aýtdy we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda hem, beýleki çykyşlarynda hem, biziň şeýle ýaramaz hereketleriň öňüni aljakdygymyzy belläp geçendigini ýatlatdy. Hormatly Prezidentimiz eýeleýän wezipesine garamazdan, şeýle ýaramaz hereketleri edýänleriň ählisiniň jogapkärçilige çekiljekdigini, döwlet işgärlerinden, ilkinji nobatda bolsa, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerinden öz wezipe borçlaryny ak ýürekden we halal ýerine ýetirmekleriniň talap ediljekdigini aýratyn nygtandygyny aýdyp, olar üçin Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň bähbitleriniň ähli zatdan ýokary bolmalydygyny ýene-de bir gezek nygtady. Şu ýaramaz hadysalara garşy göreşmekde hukuk goraýjy edaralaryň orny has-da uly bolmalydyr. Ýurdumyzyň ykdysady esaslarynyň durnukly bolmagy, şeýle hem amala aşyrylýan reformalaryň we özgertmeleriň netijeli bolmagy hukuk goraýjy edaralar ulgamynyň talabalaýyk, netijeli işlemegine köp derejede baglydyr. Hukuk goraýjy edaralaryň bu ugurda alyp barýan işleriniň esasy ileri tutulýan ugry guramaçylykly jenaýatçylyga, korrupsiýa, terrorçylyga we ekstremizme, neşeleriň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmäge gönükdirilmelidir. Raýatlarymyzyň ömrüni, saglygyny we emlägini jenaýatçylykly kast edilmeginden gorap saklamaga, olaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga niýetlenmelidir diýip, milli Liderimiz aýratyn belledi. Emma, gynansak-da, geçirilen barlaglaryň netijesi hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň arasynda hem parahorlaryň we korrupsiýa goşulan işgärleriň bardygyny görkezdi. Diňe bu edaralarda däl, beýleki pudaklarda hem şeýle ýaramaz ýagdaýlara ýol berlendigi ýüze çykaryldy. Biz şeýle hereketleri edýänleriň ählisine kanuna laýyklykda berk çäre göreris. Şoňa görä-de, siziň bilşiňiz ýaly, prokuraturanyň we içeri işler edaralarynyň birnäçe işgärlerini eýeleýän wezipesinden boşatdym. Olary biziň kanunlarymyza laýyklykda jogapkärçilige çekmek barada tabşyryk berdim. Şeýle hem, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Baş prokurory eýeleýän wezipesinden boşatdym. Içeri işler ministrine hem berk käýinç yglan etdim diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şeýle ýagdaýlara biziň döwletimizde asla ýol berilmeli däldir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn nygtady. Arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň hemmämiz üçin baş ýörelge bolmalydyr!!! Milli Liderimiz parahorluga we korrupsiýa garşy göreşmek maksady bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşine Türkmenistanyň Mejlisi bilen bilelikde gysga wagtda Korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek boýunça maksatnamany işläp taýýarlamagy we tassyklamak üçin bermegi tabşyrdy. Bu Maksatnama biziň döwlet gurluşymyzyň maksatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolmalydyr. Korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek boýunça maksatnama döwlet häkimiýet edaralary we häkimlikler, edaralar we kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýan guramaçylyk, ykdysady, hukuk, maglumat we işgärleri saýlap-seçmek we ýerli ýerinde goýmak meselelerine degişli çäreleriň yzygiderli kämilleşdirilýän ulgamy bolmalydyr. Biziň jemgyýetimizde korrupsiýanyň döremegine getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak bu Maksatnamanyň esasy maksady bolmalydyr. Degişli kanunlara täzeden seredip, parahorluk we korrupsiýa üçin bellenýän jeza çärelerini has-da güýçlendirmek zerur diýip hasap edýärin. Mysal üçin, degişli kanunlarda parahorluga baş goşan adamlaryň günäsini geçmegi ýatyrmagy göz öňünde tutmak maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Hormatly Prezidentimiz şu günki mejlise ýygnanan ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we guramalaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, eýeleýän wezipesine garamazdan, şeýle bikanun hereketleri eden döwlet işgärlerine berk çäre görüljekdigini, şeýle hem parahorlukda we korrupsiýada günäkär adamlaryň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda jogapkärçilige çekiljekdigini olaryň ählisine ýene-de bir gezek duýdurdy. Ata-babalarymyz ak ýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Olar «Baýlygyň enesi - ýer, atasy - zähmet», «Baýlyk malyň köplüginde däl, göwnüň doklugynda» ýaly ajaýyp pähimleri döredipdirler. Bu örän möhüm meselä degişli nakyllardyr pähimler sanardan kän. Şoňa görä-de, beýik ata-babalarymyzyň nesihatlaryny, öwüt-ündewlerini size ýene-de bir gezek ýatlatmak bilen, men siziň ähliňizi päk, arassa hem-de halal zähmet çekip ýaşamaga çagyrýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragy hem «Älem içre adam galmaz, at gezer» diýipdir. Dünýäde halal zähmeti, akýürekliligi bilen özi barada ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr. Beýik pederlerimiziň şöhratly ýoluny hemmetaraplaýyn mynasyp bolup dowam edeliň! Halal we yhlasly zähmetimiz bilen eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşup, at-abraý gazanalyň diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini jemläp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.