TÜRKMENISTANYŇ „TÜRKMENBAŞY“ DÖWLET TÄJIRÇILIK BANKY KART HASAPLARYŇYZDAKY PUL SERIŞDELERIŇIZI ÖZ MAŞGALA AGZALARYŇYZ ÜÇIN AMATLY ŞERTLERDE ULANMAKLYGY HÖDÜRLEÝÄR.

 

 

          Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlarynyň göwrümini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5% göterim möçberi bilen “Maşgala bank karty” atly täze bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz “Maşgala” bank kartynyň üsti arkaly şu aşakdaky amatlylyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • Maşgala” atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderleriň öz arzalary esasynda “Maşgala” bank karty açylýar. “Maşgala” bank kartynynyň esasy çeşmesi müşderiniň “Altyn Asyr” bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da Internet-banking arkaly Müşderiniň “Altyn Asyr” bank kart hasabynyň çäginde “Maşgala” bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini Müşderi özbaşdak kesgitleýär;
  • Müşderi “Maşgala” bank kartynyň üsti bilen ähli nagt däl hasaplaşyk töleglerini amala aşyryp, şeýle-de bankomatlardan nagt görnüşinde pul serişdelerini alyp biler;

         “Maşgala” bank kartyny açmak üçin Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ döwlet täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

 (+993 12) 44-72-08, 44-72-09.