• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Biz barada

TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda ilkinji döredilen iri banklaryň biri bolup, ýurdumyzyň iri senagat pudaklaryna, hem-de hususy önüm öndürijilerine we raýatlarymyza hyzmat edýär. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini pugtalandyrmakda, sanly ykdysadyýetimizi ösdürmekde, halkymyzy bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda giň gerimli alynyp barylýan işleriň çäklerinde häzirki wagtda halkymyza döwrebap bank hyzmatlary hödürlenýär.

Muňa mysal edip, bankymyz tarapyndan önümçilikleri goldamak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna olaryň melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk şerişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. Ýurdumyzyň raýatlaryna hususy mellek ýerlerinde şahsy hojalygyny ýöretmek üçin 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna kiçi göwrümli karzlaryň 1901 sany müşderä 39 214 müň manat möçberinde karz serişdeler berildi.

Bankymyz tarapyndan ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdümek boýunça hem degişli işler alnyp barylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň çäklerinde 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna bankomatlaryň 357 sanysy, töleg terminallaryň 5696 sanysy ornaşdyryldy. Müşderilere berlen jemi „Altyn asyr“ bank kartlarynyň sany 563 670 deň bolup, şol sanda “Goýum” bank kartynyň sany 35 551, Maşgala bank kartlarynyň sany 5 286, karz kartynyň sany 27 720, telekeçi kartynyň sany 5 595, pensiýa kartynyň sany 5 559, aýlyk zähmet haky kartynyň sany 483 959 deň boldy. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda müşderilere jemi berlen kartlaryň sany 4 953-e deň boldy.

Hasabat döwründe töleg terminallardan nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň sany 667 251 amala deň bolup, jemi 107 724,03 müň manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi we geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkezijimiz 88% göterime deň boldy.

Şeýle hem bankomatlaryň üsti bilen nagt däl görnüşinde geçirilen amallar 13 712 sany bolup, jemi 1 687,25 müň manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirlende 110% göterime deň boldy.

Şeýle hem ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak, halka edilýän hyzmatlaryň göwrümini has-da giňeltmek maksady bilen, bankymyz tarapyndan “Internet bank” hyzmatynyň 167 167 sanysy, “Mobil-bank” ulgamynyň 8 986 sanysy raýata birikdirildi. Bu ulgam bankymyzyň müşderilerine bank kart hasaplaryndaky pul serişdelerini nagt däl görnüşinde internet arkaly dolandyrmaga we ýurdumyzda ýola goýlan elektron hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Bankymyz tarapyndan nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmek maksatlarynda, “Cashback” sylaglandyrmak hyzmatlary girizildi:

“Cash back” hyzmatlary boýunça 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna nagt däl görnüşinde geçirilen amallaryň sany 153 235 amala deň bolup, müşderler tarapyndan jemi 17 001 624,31 manat möçberinde tranzaksiýa geçirildi we “Cash back” hyzmatlary boýunça umumy 84 924,68 manat pul baýragy müşderilere gaýtarylyp berildi.

“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” hem-de “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda banka barmazdan şu aşakdaky täze bank hyzmatlary girizildi:

Banka barmazdan bankymyzyň tbbank.gov.tm web saýty arkaly hödürlenýän sanly hyzmatlar we müşderileri höweslendiriş maksatnamalary boýunça mahabatlandyryş makalalary hem-de wideorolikleri, şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasat barada täzelikler yzygiderli halk köpçüligine ýetirildi. Olardan:

  1. Banka barmazdan bankymyzyň web saýty arkaly karz almaga isleg bildirýän raýatlaryň arzalaryny “online” tertibinde elektron görnüşinde menzilara kabul etmek mümkinçiligi ýola goýuldy;

Has aýdyňlaşdyryp aýdylanda, raýatlar banka barmazdan:

•        Karzy almak üçin arzasyny;

•        Pasportynyň nusgasyny;

•        Girdejisi barada güwanamasyny;

•        Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýalaryny;

•        Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnamasyny we beýleki elektron görnüşindäki zerur resminamalary Internet ulgamy arkaly banka ibermek mümkinçiligi döredildi.

Raýatlaryň rahatlygy hem-de wagtlarynyň tygşytly bolmagy üçin, ýokarda bellenip geçilen resminamalary bankyň karz işgäri tarapyndan deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin bankyň internet sahypasy arkaly elektron maglumatlary ýüklemäge mümkinçilik döredildi. Şeýle hem, Karz alyjy öz arzasynyň statusy barada islendik wagtda maglumat alyp biler.

  1. Banka barmazdan internet ulgamy arkaly müşderilere bank kartlaryny açmak, täzeden çap etmek boýunça elektron arzalaryny kabul etmek we bu arzalar boýunça tölegleri Altyn-asyr bank kartlary arkaly online tölemek üçin mümkinçilikler döredildi.
  2. Bankymyz tarapyndan banka barmazdan internet ulgamy arkaly bankyň ýuridiki tarap bolan müşderilerine we telekeçilere bank hasaplaryny görmäge, elektron göçürmelerini almaga we elektron töleg tabşyryklaryny taýýarlamaga mümkinçilik berýän ulgamy barlag-synag tertibinde işe goýberildi. Bu ulgamy doly derejede ýola goýmak üçin zerur bolan maglumat howpsuzlyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
  3. “Altyn-asyr” kartly töleg ulgamynyň Smart töleg terminallary arkaly galtaşyksyz bank kartlaryny ulanmak bilen, tölegleri geçirmek mümkinçiligi barlag-synag tertibinde ýola goýuldy.

Bu Smart terminallary gurnalan söwda we hyzmat ediji nokatlarynda raýatlara açylan galtaşyksyz bank kartlary arkaly dürli görnüşli tölegleri ýola goýlar.

HÄZIRKI WAGTDA BANK AŞAKDA GÖRKEZILEN PUDAKLARA HYZMAT EDÝÄR:

  • Nebitgaz toplumy
  • Energetika toplumy
  • Türkmendemirýollary agentligi
  • Türkmenawtoulaglary agentligi
  • Gurluşyk we binagärlik
  • Senagat we gurluşyk önümçilik ministrligi
  • Himiýa senagaty
  • Syýahatçylyk
  • Ykdysadyýetiň hususy we döwlete degişli bölegi

Içerki maliýe bazaryndan toplanylan iş tejribesi, oýlanyşykly maliýe syýasaty, ýokary derejeli işgärler topary, häzirki zaman tehnologiýa çözgütleri, bank etiketini üýtgewsiz berjaý etmek müşderilere ýokary hilli we netijeli hyzmaty amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bank öz müşderilerine bank hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürlemek bilen müşderiniň toplumlaýyn wezipelerini çözmegi özüniň ileri tutýan işi hasaplaýar, şunda onuň hakyky zerurlyklary her bir müşderä aýratyn çemeleşmek arkaly çözülýär we toparlaýyn müşderiler üçin hem, aýry-aýry adamlar üçin hem ygtybarly hyzmatdaş hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky bank amallarynyň dürli görnüşlerini amala aşyrmak bilen, öz müşderilerine maliýe ulgamynda dogry ugry saýlap almaga, öz serişdelerini netijeli ulanmaga ýardam berip, bank hyzmatlarynyň amatly şertlerini üpjün edýär.