Türkmenistanyň ajaýyp künjegi bolan "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda gurlan “Şapak” hojalyk jemgyýeti kottejler toplumynda dynç almak we öz saglygyny berkitmek isleýän jahankeşdelere garaşýarys.
“Şapak” hojalyk jemgyýeti kottejler toplumy 10 kottejden ybaratdyr, olaryň birinji gatlarynda 4 sany iki orunlyk lýuks apartamentleri ýerleşýär, olaryň her birinde ýatylýan otag, iki myhmany kabul etmek üçin otag, içinde bar ýerleşdirilen naharhana bar. Ikinji gatda 2 sany dört orunlyk lýuks apartamentleri ýerleşýär, olaryň her birinde 2 sany ýatylýan otag, myhman otagy, naharhana, şeýle hem myhmanlaryň 4-si üçin niýetlenen ikitaraplaýyn telär göz öňünde tutulandyr. “Şapak” hojalyk jemgyýeti kottejler toplumyna 160 adam üçin niýetlenen restoran bar, onda dynç alýanlaryň islegleri boýunça dünýäniň dürli halklarynyň tagamlary (türkmen, ýewropa, rus, aziýa, türk tagamlary) taýýarlanylýar, doňdurmalar we dürli görnüşli içgiler hödürlenýär.
Mundan başga-da, bu dynç alyş merkeziniň ikinji gatynda açyk meýdanda restoran bar, onda Hazar deňziniň ajaýyp gözelliklerini synlap, nahar edinip bolar. Dynç alyş merkezinde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga, fitnes zalyň, jakuzi hyzmatlaryndan peýdalanmaga, şeýle hem çagalar we ulular üçin açyk hem-de ýapyk howuzlarda sportuň suw görnüşleri bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredildi.
Kottejler toplumy sauna hammamynyň üç görnüşi: gury sauna, türk saunasy we fin bugly saunasy bilen üpjün edilendir. Dynç alýan raýatlara sorag-jogap, bilýard zaly, bouling, oýun awtomatlary, kosmetologiýa bölümi, owkalamak, dellekhana, deňiz we beýleki görnüşli ösümlik otlaryndan taýýarlanan bejeriş wannalary ýaly hyzmatlar hödürlenýär. Bu ýerde şeýle hem futbol, woleýbol meýdançalary göz öňünde tutulandyr. Olaryň golaýynda türgenleşik enjamlary gurnalandyr. Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän “Şapak” hojalyk jemgyýeti kottejler toplumy ýurdumyzyň raýatlaryna ýokary derejede hyzmat etmegiň özboluşly nyşanydyr. Siz “Şapak” hojalyk jemgyýetiniň ajaýyp kottejler toplumynda nurly güneşiň astynda dürli deňiz guşlarynyň uçuşyny synlap, wagtyňyzy gyzykly geçirip bilersiňiz.