Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

19.11.2018 ý

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň bir­nä­çe orun­ba­sar­la­ry­nyň, ýur­du­my­zyň kä­bir mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi­niň gat­naş­ma­gyn­da gö­ni ara­gat­na­şyk ar­ka­ly no­bat­da­ky wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Iş mas­la­ha­tyn­da ýur­du­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek, yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ry­nyň öňün­de dur­ýan wa­jyp we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy, şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny açyp, il­ki bi­len gö­ni ara­gat­na­şy­ga döw­let mi­nist­ri — “Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni­niň baş­ly­gy M.Ar­ça­ýe­wi ça­gyr­dy. Ol hä­zir­ki dö­wür­de döw­let kon­ser­ni­niň dü­zü­min­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni di­wer­si­fi­ka­si­ýa ýo­ly bi­len dün­ýä ba­zar­la­ry­na iş­jeň çy­kar­mak bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti 11 — 14-nji no­ýabr­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Abu-Da­bi şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “ADI­PEC — 2018” hal­ka­ra ne­bit­gaz ser­gi­si­ne we mas­la­ha­ty­na gat­naş­dy, fo­ru­myň do­wa­myn­da iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­di, ola­ryň bar­şyn­da ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka sy­ýa­sa­ty, bu ul­gam­da ga­za­ny­lan sep­git­ler, Türk­me­nis­tan — Ow­ga­nys­tan — Pa­kis­tan — Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.

Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ne­bit­gaz ul­ga­myn­da iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň bu ägirt uly gaz ge­çi­ri­ji­niň tas­la­ma­sy­ny ama­la aşyr­ma­ga gat­naş­ma­ga gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri be­ýan edil­di. Gaz ge­çi­ri­ji­niň türk­men bö­le­gi bo­ýun­ça tas­la­manyň res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy, gur­lu­şyk iş­le­ri bel­le­ni­len me­ýil­na­ma la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar, şun­da Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­gi baş pot­rat­çy hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.

“Türk­men­gaz” döw­let kon­ser­ni bi­len “Glo­bal Pi­pe Com­pa­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň (Sa­ud Ara­bys­ta­ny Pa­ty­şa­ly­gy) ara­syn­da TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň türk­men bö­le­gin­de gur­lu­şyk-gur­na­ma iş­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin po­lat tur­ba­la­ry sa­tyn al­mak ba­ra­da bag­la­şy­lan şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, sar­gyt edi­len önüm­le­r Dam­mam por­tun­dan Ha­za­ryň üs­ti bi­len Türk­men­ba­şy­da­ky Hal­ka­ra de­ňiz por­tu­na ge­ti­ri­lip baş­la­ndy. Ba­ha­sy ABŞ-nyň 40 mil­lion dol­la­ry­na deň bo­lan bu şert­na­ma­ny Sa­ud ösüş gaz­na­sy ma­li­ýe­leş­dir­ýär.

Hä­zir­ki gü­ne çen­li bel­le­ni­len möh­let­le­re la­ýyk­lyk­da, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky “Ymam­ba­ba” de­mir ýol be­ke­di­ne önüm ýük­le­nen 175 wa­gon ge­lip go­wuş­dy, bu ýe­re eý­ýäm 4 müň 956 metr tur­ba dü­şü­ril­di. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­za iki tap­gyr­da je­mi 35 müň metr­den gow­rak po­lat tur­ba­lar ge­ti­ri­ler. Mu­nuň özi tu­tuş se­bit äh­mi­ýet­li gu­rul­ýan hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň baş şer­ti­ni üp­jün eder. Şu gün­ler ge­ti­ri­len po­lat tur­ba­la­ry gur­lu­şyk meý­dan­ça­sy­na da­şa­mak we gur­na­mak iş­le­ri do­wam ed­ýär.

Mun­dan baş­ga-da, döw­let kon­ser­ni­niň ýol­baş­çy­sy hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň Ýa­po­ni­ýa bo­lan iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da ýa­pon işe­wür dü­züm­le­ri­niň we­kil­le­ri bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi uly ugur­la­ry­nyň kes­git­le­ni­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ýa­po­ni­ýa­nyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry dün­ýä ýü­zün­de yg­ty­bar­ly we iş­le­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­di­len ha­sap­la­nyl­ýan türk­men ba­za­ry­na uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär­ler.

Owa­dan­de­pe­de te­bi­gy ga­zy gaý­ta­dan iş­le­mek ar­ka­ly sin­te­tik ben­zi­niň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça ýe­ne bir za­wo­dy hem-de Gy­ýan­ly­da­ky po­li­mer kär­ha­na­sy­nyň ikin­ji tap­gy­ry­ny gur­mak ba­ra­da tek­lip­ler aý­dyl­dy.

Soň­ra döw­let mi­nist­ri Aş­ga­bat­da “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2018” at­ly XXIII hal­ka­ra mas­la­ha­ty we ser­gi­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­bat­da aý­dy­ly­şy ýa­ly, ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän ser­gä dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryn­dan 50-ä go­laý kom­pa­ni­ýa we 200-e go­laý we­kil gat­na­şar. Mu­nuň özi ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň hä­si­ýe­te eýe bol­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr. Hal­ka­ra ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň çäk­le­rin­de fo­ru­ma gat­naş­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, ýur­du­my­zyň ýan­gyç se­riş­de­le­ri­ni da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na ug­rat­mak hem-de ne­bit­gaz top­lu­my­na da­şa­ry ýurt ma­ýa­dar­la­ry çek­mek ar­ka­ly iri möç­ber­li tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni tu­tuş adam­za­dyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­me­giň we onuň eks­port muk­da­ry­ny art­dyr­ma­gyň Türk­me­nis­ta­nyň hä­zir­ki dö­wür­de alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni bel­le­di. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­riň çöz­gü­di­ne gö­nük­di­ril­me­li­dir.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ryn­da bol­şy ýa­ly, ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çe­kip, hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pu­da­ga dün­ýä­niň ösen tej­ri­be­si­ni, ma­ýa go­ýum se­riş­de­le­ri­ni çek­mek­de aý­ra­tyn wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy we bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny tab­şyr­dy.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra ser­gi­le­re, mas­la­hat­la­ra gat­naş­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni bel­läp, ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my üçin da­şa­ry ýurt­lar bi­len hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň uly äh­mi­ýe­ti­ni nyg­ta­dy. Türk­me­nis­tan­da şeý­le çä­re­le­ri yzy­gi­der­li ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler he­mi­şe üns mer­ke­zin­de sak­la­nyl­ma­ly­dyr.

Mil­li Li­de­ri­miz ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­lar esa­syn­da ge­lip go­wuş­ýan tur­ba­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, tur­ba­la­ryň TOPH hal­ka­ra gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şyn­a kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ni aý­dyp, şo­la­ryň gaz ge­çi­ri­ji­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­ýan ýe­ri­ne el­til­me­gi we ola­ry gur­na­ma iş­le­ri­niň de­giş­li de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ma­gy ba­bat­da ze­rur ta­gal­la­la­ry et­me­gi tab­şyr­dy.

Ýa­po­ni­ýa bi­len köp ugur­lar, aý­ra­tyn-da, ne­bit­gaz­hi­mi­ýa pu­da­gyn­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň ok­gun­ly ösü­şi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow gel­jek­de hem ýa­pon işe­wür­le­ri­niň ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­re iş­jeň gat­naş­mak­la­ry üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­jek­di­gi­ni aýt­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ne­ti­je­li türk­men-ýa­pon hyz­mat­daş­ly­gy­nyň öza­ra ynam esa­syn­da iki dost­luk­ly hal­kyň bäh­bit­le­ri­ne ös­dü­ril­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni açyp gör­kez­mä­ge, bu ul­gam­da mö­hüm hyz­mat­daş­lyk me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak üçin açyk meý­dan­ça öw­rül­jek Aş­ga­bat­da bol­jak ne­bit­gaz fo­ru­my­nyň äh­mi­ýe­ti­ni bel­läp, wi­se-prem­ýe­re “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy — 2018” at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň we mas­la­ha­tyň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ni üp­jün et­me­gi tab­şyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­my­zyň ne­bit­gaz ul­ga­myn­da eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Soň­ra Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy B.Oraz­my­ra­dow hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň eko­lo­gi­ýa de­re­je­si, Halk Mas­la­ha­ty­nyň il­kin­ji mej­li­sin­de ka­bul edi­len çöz­güt­ler esa­syn­da oba ho­ja­ly­gyn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan düýp­li öz­gert­me­ler, şeý­le hem te­bi­gy se­riş­de­le­ri ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şeý­le hem döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ryk­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ýer gaz­na­sy­ny dö­ret­mek hem-de ýer ka­dast­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly

ama­la aşy­ryl­ýan çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Gaz­na­nyň ýer bö­lek­le­ri bel­le­ni­len ter­tip­de hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­re be­ril­di, olar eý­ýäm 2019-njy ýyl­dan baş­lap, tä­ze şert­ler­de pag­ta, dä­ne, bak­ja ekin­le­ri­ni, ýe­ral­ma we beý­le­ki­le­ri ýe­tiş­dir­mek üçin ze­rur iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mä­ge gi­riş­di­ler.

Te­bi­ga­ty go­ra­mak ba­ra­da­ky eda­ra­nyň ýol­baş­çy­sy­nyň ha­sa­ba­tyn­da şeý­le hem Ha­zar deň­zi­niň de­ňiz gur­şa­wy­ny go­ra­mak bo­ýun­ça Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň çäk­le­rin­de Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­ri­niň ugur­daş dü­züm­le­ri bi­len bi­le­lik­de de­ňiz gur­şa­wy­nyň bio­köp­dür­lü­li­gi­ni baý­laş­dyr­mak we go­ra­mak, onuň aras­sa­ly­gy­ny sak­la­mak de­ňiz guş­la­ry­nyň we ba­lyk­la­ryň ösüş we kö­pe­liş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny yl­my taý­dan öw­ren­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di.

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň oba ho­ja­ly­gy top­lu­myn­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak we ýer se­riş­de­le­ri ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň ýer­ler­de alyp bar­ýan iş­le­ri­ne nä­gi­le­lik bil­di­rip, mil­li Li­de­ri­miz oba ho­ja­ly­gyn­da ba­şy baş­la­nan öz­gert­me­le­riň ha­ýal al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow tarp ýer­le­ri öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça ýer ka­dast­ry­nyň iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­ma­gy­nyň mö­hüm we­zi­pe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­läp, düýp­li sel­jer­me­le­riň hem-de ta­kyk ha­sap­la­ma­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz bu ugur­da bar bo­lan äh­li me­se­le­le­ri gys­sag­ly çö­züp, ýag­da­ýy dü­zet­mek ba­bat­da ko­mi­te­tiň baş­ly­gy­na bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry be­rip, Türk­me­nis­ta­nyň “Ýer ha­kyn­da” bi­te­wi Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da, bö­lü­nip ber­len ýer bö­lek­le­ri daý­han­la­ryň peý­da­la­ny­şy ba­ra­da­ky we beý­le­ki mag­lu­mat­la­ry öz içi­ne al­ýan ha­sa­bat­la­ry yzy­gi­der­li taý­ýar­la­ma­gyň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Ha­zar deň­zi­niň amat­ly eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­ny üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ün­si çe­kip, bu ugur­da ge­çi­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy, olar hal­ka­ra ta­lap­la­ra la­ýyk gel­me­li­dir. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz ke­nar­ýa­ka önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň iş­le­rin­iň eko­lo­gi­ýa ül­ňü­le­riň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­gi­ni he­mi­şe gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra gö­ni ara­gat­na­şyk­da ge­çi­ril­ýän wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň bi­lim mi­nist­ri M.Gel­di­ny­ýa­zo­wyň ha­sa­ba­ty bi­len do­wam et­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, bi­lim iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, şeý­le hem san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň 16-njy no­ýabr­da ge­çi­ri­len mej­li­sin­de döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň be­ren tab­şy­ryk­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li ugur­la­ry üçin de­giş­li hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak, iş­gär­le­riň hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy ugur edin­ýän bi­lim ojak­la­ry­ny döw­re­bap de­re­je­de en­jam­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, umu­my­bi­lim ber­ýän or­ta we hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň dur­ku­ny tä­ze­le­mek, ola­ry äh­li okuw ki­tap­la­ry we gol­lan­ma­lar bi­len üp­jün et­mek bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.

My­sal üçin, ýur­du­my­zyň mu­gal­lym­çy­lyk ugur­ly ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dy­ryş bö­lüm­le­ri iş­le­ýär, olar­da yzy­gi­der­li okuw­lar ge­çi­ril­ýär.

Okuw­la­ry gu­ra­ma­gyň hä­zir­ki za­man usu­ly­ýet­le­ri esa­syn­da okat­ma­gyň de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­riň çäk­le­rin­de ýaş­la­ryň hü­när­le­ri saý­la­ma­gy üçin de­giş­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, ta­lyp­la­ry yl­my iş­ler bi­len meş­gul­lan­ma­ga hö­wes­len­dir­mek ug­run­da bi­lim ul­ga­my­na öň­de­ba­ry­jy dün­ýä tej­ri­be­si, ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar iş­jeň or­naş­dy­ryl­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, bi­lim eda­ra­la­ry­ny döw­rüň ta­lap­la­ry­na we hä­zir­ki za­man ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk de­re­je­de kä­mil­leş­dir­mek, tä­ze sa­pak­la­ry, aý­ra­tyn-da, san­ly ul­gam bi­len bag­la­ny­şyk­ly sa­pak­la­ry gi­riz­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gyň ze­rur­dy­gy­na ün­si çek­di.

Mil­li Li­de­ri­miz gür­rü­ňi do­wam edip, ösüp bar­ýan ýaş­la­ra bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek bi­len bir ha­tar­da, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ryň ara­syn­dan has ze­hin­li­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak, ola­ry de­giş­li hü­när­ler bo­ýun­ça ug­ruk­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Tä­ze okuw mek­dep­le­ri­ni aç­mak, ola­ryň kon­sep­si­ýa­sy­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­niň jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­gi hem-de taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň ge­çi­ril­me­gi­ni ta­lap ed­ýär di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz de­giş­li dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­dä­ki ut­ga­şyk­ly işiň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň dür­li pu­dak­la­ry üçin ze­rur hü­när­men­le­riň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­ny esa­sy ugur edin­ýän bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­niň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy we bu ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nist­ri, Pen­si­ýa gaz­na­sy­nyň mü­di­ri­ýe­ti­niň baş­ly­gy M.Sy­la­bow pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny bel­le­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň he­re­ket ed­ýän ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk de­re­je­de ýo­la goý­lan­dy­gy we de­giş­li tö­leg­le­riň bök­denç­siz üp­jün edil­ýän­di­gi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Şeý­le hem gel­jek ýyl­dan baş­lap, pen­si­ýa­la­ryň we döw­let kö­mek pul­la­ry­nyň möç­ber­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar be­ril­di, mu­nuň özi ila­tyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ni üp­jün et­mek bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän dur­muş ugur­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sat­la­ry­na la­ýyk gel­ýär.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, mu­nuň üçin ze­rur ma­li­ýe se­riş­de­le­ri ha­sap­la­nyp, döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­na gi­ri­zil­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, türk­me­nis­tan­ly­la­ryň dur­mu­şy we zäh­met çek­mek­le­ri üçin, ola­ryň dün­ýä ül­ňü­le­ri de­re­je­sin­de dur­muş aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ug­run­da my­na­syp şert­le­ri dö­ret­mek me­se­le­le­ri­niň he­mi­şe döw­le­ti­mi­ziň üns mer­ke­zin­de bol­jak­dy­gy­ny bel­le­di.

Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ba­ra­da­ky pu­dak­la­ýyn eda­ra­la­ryň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, bu ul­gam­da öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni we iň go­wy ýö­rel­ge­le­ri or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­ler aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ba­bat­da mi­nist­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.

Soň­ra ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nist­ri B.Ba­za­row ýol­baş­çy­lyk ed­ýän dü­züm­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, Mer­ke­zi Azi­ýa sebitiniň Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk (CAREC) Mak­sat­na­ma­sy­nyň 17-nji mi­nistr­ler mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­şi, on­da ka­bul edi­len çöz­güt­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Şeý­le hem 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­ni taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler ha­kyn­da aý­dyl­dy.

Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Aş­ga­bat­da Mer­ke­zi Azi­ýa sebitiniň Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Mak­sat­na­ma­sy­nyň mej­li­si­ne Mak­sat­na­ma de­giş­li ýurt­la­ryň, şeý­le hem Azi­ýa­nyň Ösüş ban­ky­nyň, Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň, Ys­lam ösüş ban­ky­nyň, CAREC-niň ins­ti­tu­ty­nyň, Ýew­ro­pa Tä­ze­le­niş we ösüş ban­ky­nyň, Hal­ka­ra pul gaz­na­sy­nyň, BMG ÖM-niň we­kil­le­ri gat­naş­dy­lar. Mej­li­siň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň hem bi­rik­di­ril­me­gi bi­len Mer­ke­zi Azi­ýa ener­ge­ti­ka ul­ga­my­ny ke­ma­la ge­tir­mek işi­ni ta­mam­la­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­re ga­ral­dy. Şun­luk­da, ýur­du­myz­dan goň­şy döw­let­le­re elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň ibe­ril­ýän möç­ber­le­ri­ni art­dyr­mak üçin goş­ma­ça müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne üns be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýur­du­my­zyň ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet dü­zü­min­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re ün­si çe­kip, bu ugur­da hä­zir­ki za­man tej­ri­be­si­niň we tä­ze­çil usul­la­ryň iş­jeň öz­leş­diril­me­li­di­gi­ni bel­le­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz 2019-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­ny de­giş­li dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de taý­ýar­la­mak ba­bat­da mi­nist­re bir­nä­çe tab­şy­ryk­la­ry ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl ýur­du­my­zyň CAREC ýa­ly ab­raý­ly Mak­sat­na­ma baş­lyk­lyk et­me­gi bi­len, ener­ge­ti­ka, söw­da, güm­rük me­se­le­le­ri, ulag, sy­ýa­hat­çy­lyk, yk­dy­sa­dy zo­lak­la­ry dö­ret­mek we beý­le­ki ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­jek­di­gi­ni bel­läp, fo­ru­myň çäk­le­rin­de ka­bul edi­len çöz­güt­le­riň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gy­na hem­me­ta­rap­la­ýyn çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry G.My­ra­dow gö­zeg­çi­lik ed­ýän ul­ga­myn­da hä­zir­ki dö­wür­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy, ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­my­na de­giş­li dü­züm­le­riň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ozal be­ren tab­şy­ryk­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýet top­lu­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­le­riň mö­hüm dur­muş-yk­dy­sa­dy we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­läp, bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň bank-ma­li­ýe ul­ga­myn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­na we hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk gel­me­li­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şo­nuň bi­len bir wagt­da de­giş­li pu­dak­la­ryň iş­gär­le­ri­niň hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na iç­gin üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­di.

Mil­li Li­de­ri­miz mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak, ýur­du­my­zyň se­na­gat dü­züm­le­ri­niň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­nyň işi­ni ös­dür­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­le­riň yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik­de sak­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, de­giş­li dü­züm­ler bi­len bi­le­lik­de Döw­let býu­je­ti­niň tas­la­ma­sy­nyň üs­tün­de iş­le­ri çalt­lan­dyr­ma­gy tab­şyr­dy.

Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry E.Oraz­gel­di­ýe­wiň ha­sa­ba­ty­ny diň­le­di. Wi­se-prem­ýer ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy, go­wa­ça­dan bo­şan ýer­ler­de ge­çi­ril­ýän sü­rüm iş­le­ri we beý­le­ki ag­ro­teh­ni­ki çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Hä­zir­ki wagt­da we­la­ýat­lar­da daý­han­la­ryň yh­las­ly zäh­me­ti bi­len ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len “ak al­ty­ny” iň soň­ky üb­tü­gi­ne çen­li ýyg­na­mak, güýz­lük bug­da­ýa ideg et­mek bo­ýun­ça iş­ler do­wam ed­ýär.

Wi­se-prem­ýer ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ni gurp­lan­dyr­mak, oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny ne­ti­je­li peý­da­lan­mak we ola­ry aýaw­ly sak­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ni­lip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ýer we suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça ze­rur çä­re­ler ge­çi­ril­ýär, mu­nuň özi oba­se­na­gat top­lu­my­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi, ön­dü­ril­ýän oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­niň möç­ber­le­ri­niň we hi­li­niň art­dy­ryl­ma­gy üçin ze­rur şert bo­lup dur­ýar.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, oba ho­ja­ly­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ag­ro­teh­ni­ki ka­da­la­ra la­ýyk de­re­je­de ýo­la go­ýul­ma­ly­dy­gy­ny, iň tä­ze iş­läp taý­ýar­la­ma­la­ryň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iş­jeň or­naş­dy­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Mu­nuň özi eke­ran­çy­lyk meý­dan­la­ry­nyň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ekin do­la­ny­şy­gy, tarp ýer­le­ri öz­leş­dir­mek, ýer we suw se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy ýa­ly mö­hüm ugur­la­ra ün­si çek­di.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew türk­men paý­tag­ty­ny hem­me­ta­rap­la­ýyn aba­dan­laş­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, dür­li mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gyn­da­ky iş­le­riň ýag­da­ýy, ila­ta köp gör­nüş­li dur­muş hyz­mat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.

Hä­kim gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly bi­na­la­ryň, ýa­şa­ýyş top­lum­la­ry­nyň, se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­nyň, dur­ky tä­ze­len­jek des­ga­la­ryň tas­la­ma­la­ry­ny döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­le­di. Hu­su­san-da, paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de tä­ze ýa­şa­ýyş jaý top­lum­la­ry bi­na edi­ler. Bu tas­la­ma­lar ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­ni ös­dür­me­giň top­lum­la­ýyn mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­dy.

Mun­dan baş­ga-da, öň­de bol­jak şan­ly se­ne­le­re taý­ýar­lyk, şol san­da Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­ny my­na­syp gar­şy­la­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan çä­re­ler we şan­ly se­ne­le­riň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy ba­ra­da ha­bar be­ril­di.

Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­ba­ty diň­läp, ýur­du­my­zyň baş şä­he­ri­niň äh­li kün­jek­le­rin­de aras­sa­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk iş­le­ri­niň de­giş­li de­re­je­de ýo­la go­ýul­ma­gy­nyň we şä­her ila­ty­nyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­niň tu­tuş je­ma­gat ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň baş we­zi­pe­si bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň bel­le­ni­len möh­let­le­ri­ne we hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­ne yzy­gi­der­li gö­zeg­çi­lik et­me­gi tab­şyr­dy.

Mil­li Li­de­ri­miz gör­ke­zi­len tas­la­ma­lar bi­len tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri gi­riz­di. Tas­la­ma­lar taý­ýar­la­nan­da ýer­li te­bi­gy şert­le­riň na­zar­da tu­tul­ma­ly­dy­gy­ny, ola­ryň mil­li äheň­de we hä­zir­ki döw­rüň ru­hu­na la­ýyk de­re­je­de bol­ma­ly­dy­gy­ny bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tas­la­ma­la­ryň üs­tün­de iş­le­me­gi hem-de ola­ry ta­la­ba­la­ýyk de­re­je­de taý­ýar­la­ma­gy tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan äh­li iş­le­riň, şol san­da tä­ze des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň, kö­çe­le­ri we se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­ny aba­dan­laş­dyr­mak iş­le­ri­niň me­de­ni we eko­lo­gi­ýa ba­bat­da top­lum­la­ýyn esas­da al­nyp ba­ryl­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Şun­luk­da, adam­lar üçin oňyn dur­muş şert­le­ri­niň dö­re­dil­me­gi üýt­gew­siz ta­lap bol­ma­gyn­da gal­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li gu­ral­ýan da­ba­ra­la­ra yk­jam taý­ýar­lyk gör­me­giň ze­rur­dy­gy­na ün­si çe­kip, bu ba­bat­da de­giş­li dü­züm­le­riň saz­la­şyk­ly iş­le­ri alyp bar­ma­ly­dy­gy­ny bel­le­di. Baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ryn­da mil­le­tiň dö­re­di­ji­lik ru­hy, ýur­du­my­zyň ýe­ten de­re­je­si öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz şä­he­riň be­ze­gi­ne hem-de me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne aý­ra­tyn üns ber­me­gi tab­şyr­dy.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow wi­deo­şe­kil­li iş mas­la­ha­ty­ny ta­mam­lap, oňa gat­na­şy­jy­la­ra alyp bar­ýan iş­le­rin­de, ata Wa­ta­ny­my­zy dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de uly üs­tün­lik­ler, mäh­ri­ban hal­ky­my­za bol­sa aba­dan we bag­ty­ýar dur­muş ar­zuw et­di.