Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky, “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny” hem-de “Türkmenistanyň Ykdysadyýet, maliýe bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna“ laýyklykda iş alyp barmak maksady bilen, “Altyn –Asyr” bank kartlar ulgamyny ornaşdyrmak, ýaýratmak we ösdürmek boýunça işleri işjeňlik bilen alyp barýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarla täjirçilik bankynda 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna 563 670 sany kart hasaplary açyldy we olary möçberi günsaýyn artýar.
Söwda nokatlarynda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň 2023-nji ýylyň 1-nji fewral ýagdaýyna 5696-sy gurnaldy.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB-nyň ulgamy boýunça bankomatlaryň 357 sanysy hyzmat edýär.
Bankomatlar Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB-nyň ähli şahamçalarynda we beýleki nokatlarda -- söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, kärhanalarda we guramalarda gurnalandyr.
Bankomatlaryň, “Mobil bank” we “Internet bank” hyzmatlarynyň üsti arkaly ýurdumyzyň banklaryndan alnan karzlary we oňa hasaplanan göterimleri, şeýle hem “Altyn Asyr”, CDMA, öý telefon, internet aragatnaşyk ulgamlarynyň töleglerini nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiligi ornaşdyrylandyr.
Häzirki günde müşderileri çekmek maksady bilen, töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde tölegleri geçirilende bank kartlarynyň eýelerinden hiç hili ýygym alynmaýar.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB häzirki günde we geljekde amatly şertleri döretmek we ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goldamak maksady bilen, ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri işjeň alyp barar.
Goşmaça maglumatlary Siz biziň bankymyza gelip, ýa-da şu aşakdaky telefon belgiler boýunça alyp bilersiňiz: (+993 12) 44-41-90, 44-41-91.
«ALTYN ASYR» TÖLEG ULGAMYNYŇ BANKOMATLARYNY ULANMAK BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJI
Altyn asyr”, “Millikart”, “VISA” we “MasterCard” bank kartlary bilen harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl hasaplaşyklarda töleg terminalyny ulanmak boýunça gözükdiriji :
Edil şunuň ýaly hem özüňizi gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB-nyň ýüz tutup bilersiňiz:
TÖLEG TERMINALLARYNY GURNAMAK ÜÇIN HÖDÜRLENMELI RESMINAMALARYŇ SANAWY
Hususy telekeçi - şahsy taraplar üçin:
- Terminaly gurnamak barada arza ýa-da ýüz tutma haty
- Hasaplaşyk hasabynyň rekwizitleri
- Pasportyň nusgasy
- Patentiň nusgasy
- Hususy telekiçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy
- Salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy
- Kärende şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy barada resminamanyň nusgasy (zerurlygyna gorä)
Ýuridiki şahslar üçin:
- Terminaly gurnamak barada resmi hat
- Hasaplaşyk hasabynyň rekwizitleri
- Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy
- Ýuridiki şahslaryň Tertipnamasynyň ýa-da Düzgünnamasynyň kepillendirilen nusgasy
- Döwlet tarapyndan hasaba almak hem-de Türkmenistanyň Edara görüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky Şahadatnamasynyň kepillendirilen nusgasy
- Kärende şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy barada resminamanyň nusgasy (zerurlygyna gorä).