• Turkmen
  • Русский
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik banky

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk çärelerine gatnaşdy

28.09.2020 ý.

Şu gün Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dabaralar geçirildi.

At çapyşyklary halkymyzyň iň söýgüli baýramçylyk däpleriniň biridir. Ol nesilden-nesle geçirilip gelinmegi we nesilleriň ata-babalarymyzyň mirasyna aýawly garamagynyň netijesinde häzir hem dowam edýär. Biziň günlerimizde özüne çekiji bu ýaryşlar, elbetde, gadymy döwürler bilen deňeşdireniňdäkiden düýbünden başga şertlerde geçýär.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan ajaýyp atçylyk sport toplumlary ýyndam bedewleriň çapyşyklaryny ýokary hünär derejesinde geçirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi sporta degişli bolmakdan-da ötri, hemişe milli medeniýetiň baý öwüşginli tomaşasy bolup, täsir galdyrýan mazmuny boýunça has giň gerimli waka öwrülýär.

Ahalteke tohum atlarynyň dünýädäki şöhratyny gorap saklamak we has-da artdyrmak işindäki örän uly hyzmat hormatly Prezidentimize degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallalary netijesinde atçylyk pudagy kuwwatly ösüşe hem-de iň döwrebap düzümlere eýe bolup, ýurdumyzy tutuş dünýä atçylygynyň öňdebaryjy merkezi hökmünde täzeden tanatdy.

Atlary terbiýelemegiň milli mekdebi — hawa, hut terbiýelemegiň mekdebi görnükli daşary ýurtly hünärmenleriň ünsüni özüne çekýär. Sebäbi türkmenler olary sirk jandarlaryna tälim berlişi ýaly däl-de, çaga sereden ýaly terbiýeleýärler, ýogsa, ahalteke bedewleri sirk meýdançasynda-da ajaýyp çykyş edýärler. Bu ulgamda halkara hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda bütin dünýäde türkmen bedewlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan uly işleriň möhüm ugurlarynyň biridir.

Ahalteke aty köp müňýyllyk taryhy, ajaýyp derejeleri, ýyndamlygy hem-de täsin gözelligi bilen diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzat ösüşiniň gymmatly hazynasy hasaplanýar.

Ahalteke bedewine öz söýgüsini beýan edip, halkymyz ony “behişdi”, “ganatly”, “jenneti” diýip atlandyrýar. At iň belent meňzetmelere mynasypdyr — çünki ol taryhyň janly, hyjuwly heýkelidir hem-de haýran galdyrmagy we ruhuňy götermegi dowam edýän täsin özboluşlylykdyr. Bu bedewlere örän köp goşgy setirleri, sungat eserleri bagyşlandy. Häzirki döwürde-de olar paýtagtymyzy bezeýän köp sanly heýkel eserlerinde şekillendirilendir.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde ýurdumyzda ähli uly baýramçylyklara hökman atlar gatnaşdyrylýar. Garaşsyzlyk gününde Aşgabatda baş meýdançada geçirilen dabaraly ýörişde hem olar aýratyn orny eýeledi.

Irden Köpetdagyň eteginde ýerleşen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ählumumy ruhubelentlik we ýokary göteriliş ýaýbaňlandy. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular hem-de ýaşlar ýygnandylar.

Toplumyň çäkleri Döwlet baýdagy, dürli reňkli şarlardan we beýleki bezeg serişdelerinden ybarat bolan görnüşler bilen bezelipdir, seýilgähleriň ugurlarynda amaly-haşam sungatynyň hem-de häzirki döwürde-de biziň şöhrata eýe bolan egsilmez we deňsiz-taýsyz mirasymyzy görkezýän sergiler ýaýbaňlandyryldy.

...Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna gelýär. Döwlet Baştutanymyzy bu ýere ýygnananlar el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar, milli Liderimiz olary mähirli mübärekleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýöräp barýan ugrunda döredijilik toparlarynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlary synlaýar hem-de owadan bezelen sergileri gözden geçirýär. Owadan halylar we ýüpekler, milli egin-eşikleriň nusgalary, nagyşly tikin işleri, bedewler üçin niýetlenen kümüş şaý-sep we bezeg önümleri, saz gurallary, agaç ýonmak işi, nagyşlanan keramikalar, gadymy gap-gaçlar hem-de çeper hünärmentçiligiň beýleki önümleri özboluşly türkmen medeniýetini açyp görkezýär.

Şeýle hem şu ýerde ýaş suratkeşleriň işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Olaryň eserlerinde mähriban topragymyzyň tebigaty, ak mermerli Aşgabadyň owadan tebigy görnüşleri, halkymyzyň toý-baýramlaryndan pursatlar hem-de beýleki şekiller beýan edilipdir.
Milli Liderimiz atçylyk toplumyň binasyna girip, özi üçin niýetlenen hormatly ýere geçýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylygynyň taryhyny öwrenmek, olara hakyky sarpa goýmak, “nusaý” atlarynyň şöhratly tohumynyň janköýeri hem-de wagyzçysy bolmak bilen birlikde, ussat seýis, ajaýyp çapyksuwar bolup özüniň işjeň gatnaşmagy hem-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi bilen milli atşynaslygyň ösdürilmegine, onuň halkara abraýynyň artmagyna örän uly goşant goşýar.

Alyp baryjy ähli türkmen halkynyň adyndan Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan köptaraply işleri üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy bilen hormatly Prezidentimizi hem-de tomaşaçy orunlarda oturanlaryň ählisini gutlaýar.

Halkymyzyň baý medeni mirasyny, onuň gadymy däp-dessurlaryny, şol sanda atçylyk sungaty bilen baglanyşykly dessurlaryny gorap saklamak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu bolsa milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» diýen ajaýyp kitaplarynyň sahypalarynda hem öz beýanyny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işleri dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, giň okyjylar köpçüliginiň buýsanjyna hem-de alym-ippologlar üçin gymmatly ylmy çeşmä öwrüldi.

Ahalteke tohum atlaryna sarpa goýýanlar häzirki döwürde Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ençeme ýurtlarynda az däldir. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Akhan atly bedewiň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen atlarynyň deňsiz-taýsyz häsiýetleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegine öwrüldi. Bu at iki aýagynyň üstüne galyp, 10 metr aralygy hemmelerden çalt geçmegi başardy.

Döwlet Baştutanymyz tarapyndan meşhur “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat berlen Akhan öz ajaýyp tilsimini Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli düýn bolan dabaralaryň barşynda hem ýene-de görkezdi.

Türkmen bedewleri we çapyksuwarlary dürli ýurtlarda geçirilýän iri gözden geçirişleriň, atçylyk sport ýaryşlarynyň, Bütindünýä sirk festiwallarynyň ýeňijileridir. Olar belli bir pursatda göýä, bir göwrä öwrülen ýaly bolup, ynsan bilen atyň neneňsi sazlaşykly işleýändigini görkezip, ähli ýerlerde hemmeleri täsir galdyrýarlar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär...

Soňra baýramçylyk çapyşyklaryna badalga berildi. Ahalteke bedewleri çapyşyklaryň 7-sinde dürli aralyklarda öz ýyndamlygyny we tizligini görkezdiler. Çapyşyklaryň her birine baýraklar goýuldy — 6 baýragyň her biri 15 müň amerikan dollary bolup, olar halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň adyndan hem-de baş baýrak — 30 müň dollar hormatly Prezidentimiziň adyndan goýuldy. Şeýlelikde, baýraklaryň umumy möçberi 120 müň dollar bolup, olar her çapyşyga gatnaşýan 12 çapyksuwaryň içinden diňe ýeňiji bolanlaryň arasynda paýlanar. Şeýlelikde, baýraga dalaş edýänleriň jemi sany 84 çapyksuwardan ybaratdyr.

Birinji çapyşyga üçýaşar bedewler gatnaşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Kararym diýen aty geçdi, ony çapyksuwar N.Agamyradow çapdy. Ol 1600 metr aralygy 1 minut 48 sekuntda geçdi.

Ikinji çapyşyk hem 1600 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryşda iň oňat wagty çapyksuwar D.Berdimämmedowyň çapan, Içeri işler ministrligine degişli bolan Gyrbedew diýen aty görkezdi. Ol bu aralygy 1 minut 42,2 sekuntda geçmegi başardy.

Üçünji çapyşykda bedewler 1800 metr aralyga güýç synanyşdylar. Pellehanadan ilkinji bolup B.Babaýewiň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Bezirgen diýen aty geçdi. Ol bu aralygy 2 minut 02,6 sekuntda geçdi.

Ilkinji iki çapyşyklardaky ýaly, üçýaşar bedewleriň gatnaşan dördünji çapyşygy 2200 metr aralyga geçirildi. Pellehana ilkinji bolup çapyksuwar R. Abdyýewiň çapan, Türkmenistanyň Atly sport federasiýasynyň Dorhan diýen aty geldi. Ol bu aralygy 2 minut 27,1 sekuntda geçdi.

Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşmagynda bäşinji çapyşykda (2200 metr aralyk) ilkinji üç baýrakly orunlary Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň bedewleri eýelediler. 2 minut 30,7 sekunt netije görkezip, Goşasakar diýen at pellehanadan ilkinji geçdi. Bedewi çapan çapyksuwar N.Annamyradow.

Altynjy çapyşyga hem (2400 metr aralyk) dörtýaşar we uly bedewler gatnaşdylar. Bu ýaryşda Adalat ministrliginiň Syrdaşym diýen aty birinji orny eýeledi. Çapyksuwar B. Berkeliýewiň çapan bu aty bellenen aralygy 2 minut 38,3 sekuntda geçmegi başardy.

Dörtýaşar we uly bedewleriň gatnaşan jemleýji çapyşygy 2400 metr aralyga geçirildi. Bu ýaryş ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlan baş baýragy almak ugrunda ýaýbaňlandy. Dartgynly we özüne çekiji bu çapyşykda Dorgunan diýen bedew pellehanadan ilkinji bolup geçmegi başardy. Ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan bu bedewi 2 minut 49 sekunt wagt görkezdi.

Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilen çapyşyklar bir demde geçip, hemmelere ençeme tolgundyryjy täsirleri bagyş etdi. Bu owadan tomaşa ýyndamlygynda hiç bir böwedi bilmeýän, şöhratly ganatlarynda edermen söweşijileri, mähriban topragynyň azatlygyny goran merdana batyrlary, türkmen halkynyň taryhyna ajaýyp sahypalary ýazan mert söweşiji zenanlary hem-de ady rowaýata öwrülen serkerdeleri alyp barýan bedewleriň keşbini döredýär.

Hut bäsdeşlik ruhy, hyjuwly ýürekler bu tomaşa hemişe ýiti duýgulary berip gelýär. Şoňa görä-de, häzir bu dessur diňe bir berjaý edilmän, eýsem, täze röwüşde gaýtadan dikeldildi. Bu bolsa ýyndam ahalteke bedewleriniň nurana we şugla saçýan gözelligine mynasypdyr.

Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi. Olara baýraklar, şol sanda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan baýrak gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmegi höweslendirmegiň, ýüwrük bedewleri terbiýelemegiň hem-de ussat çapyksuwarlary taýýarlamagyň ýene-de bir çäresidir. Muňa bolsa döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde wajyplygyny has-da artdyryp, uly ähmiýete eýe bolan milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi hökmünde uly üns berýär.

Çapyksuwarlar milli atşynaslygy we atçylyk sportuny ösdürmek baradaky aladalary üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Watanymyzyň atçylygynyň şöhratly däplerini gorap saklamak, ahalteke tohumlaryny mundan beýläk-de wagyz etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Asyrlaryň dowamynda türkmenler edermen harbylar we ajaýyp çapyksuwarlar hökmünde tanalypdyrlar, emma häzirki döwürde biziň halkymyz öz täze taryhyny döredýär, parahat toprakda özüniň bagtyýar ykbalyny gurýar. Ahalteke bedewleri halkymyzyň durmuşynda henizem uly orun eýeleýär — ýöne, häzir olaryň wezipesi öz täsin sazlaşyşy bilen asyllylygynda, sagdyn, mizemez ruhy, kämillige bolan ymtylyşy üpjün etmekde, belent maksatlary berkarar etmekde hem-de mähriban Watanymyza buýsanç duýgularyny berkitmekde jemlenýär.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk çapyşyklary tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlaryň ählisi bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

At çapyşyklary tamamlandy, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolsa aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy dowam etdi, tomaşaçylar pikirlerini hem-de täsirlerini paýlaşýardylar.

 

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün