• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

DOSTLUK, DOGANLYK DABARALANÝAR

Türkmen goňşy döwletler bilen dostlukly gatnaşyklara sarpa goýýan halk. Ol agzybirlikli, parahatçylykly ýaşamagy ündeýän halk. Gerek ýerinde öz goldaw-hemaýatyny berýän halk. Ony Owganystan Yslam Respublikasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Ýurdumyz goňşy döwlet bilen hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukukly gatnaşyklary saklap gelýär.

 

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde birbada iri üç desga — Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Sehetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr akymlarynyň gurluşyklary tamamlanyp, olar işe girizildi. Munuň özi ýurdumyzyň goňşy Owganystan döwletine yzygiderli ynsanperwerlik kömek-goldawyny berip gelýänliginiň ýene-de bir mysalydyr.

Mälim bolşy ýaly, Kerki — Ymamnazar — Akina demir ýoly 2016-njy ýylda Akina demir ýol stansiýasyndaky 10 kilometrlik şahasy bolsa 2019-njy ýylyň iýul aýynda dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi. Şonda Akina — Andhoý demir ýolunyň gurluşygyna badalga berlipdi. Ine, bu günki gün bu demir ýol hereketde. 30 kilometrlik ýoluň ugrunda ätiýaçlyk we gapdal ýollaryň hem çekilendigini aýtmak gerek. Konteýner terminallary, beýleki kömekçi desgalar hem bina edilip, olar kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylandyr. Akina — Andhoý demir ýolunyň we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklarynyň täze sahypasyny açdy. Sebäbi, bu polat ýol Türkmenistan döwletimiz bilen Owganystanyň arasyndaky söwdany işjeňleşdirmäge oňaýly täsir eder. Deslapky maglumatlara görä daşalýan ýükleriň möçberi birinji ýylda 20 göterim bolsa, ikinji ýylda ol 50 göterime çenli artar. Netijede daşalýan ýükleriň möçberi has köpeler. Täze iş orunlary dörär. Akina — Andhoý demir ýoly goňşy ýurtlaryň ykdysadyýetini ösdürmek üçin hem goşmaça şertleri döreder, owgan önümlerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär. Geljekde Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ulag geçirijisi Merkezi we Günorta Aziýadan harytlary Aziýa — Ýuwaş umman sebitleriniň çalt ösýän döwletleriniň bazarlaryna çykmaga amatly ýol bolar. Bulardan başga-da, Türkmenistan we Owganystan ýene-de bir ulag taslamasyny amala aşyrmaga — Turgundy — Hytaý demir ýolunyň gurluşygyna girişmek meýilleşdirilýär. Onuň uzynlygy 175 kilometre deň bolar.

Ýeri gelende Türkmenistan döwletimiziň goňşy Owganystana elektrik energiýasyny hem berýär. Ymamnazar — Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriniň gurulmagy munuň aýdyň mysalydyr. 2018-nji ýylda kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşaň — Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Kerki — Şibirgan ugry boýunça güýjemesi 500 kilowat bolan 553 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamynyň işe girizilmegi bilen elektrik energiýasyny ulanýan adamlaryň sany ýurt boýunça 9 milliona çenli artar. Bu Owganystany ygtybarly elektrik togy bilen üpjün etmekde möhüm eýedir.

Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň hem işe girizilendigini bellemek gerek. Owganystanyň optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy goňşy ýurtlaryň bäşisi, şol sanda Türkmenistan bilen birleşendir.

Garaşsyz we hemişelik Bitarap döwletimiz goňşy Owganystany parahatçylygy dikeltmäge gatnaşmak bilen, onuň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine-de ýardam edip gelýär. Ýurdumyz owgan halkyna diňe bir elektrik energiýasyny däl-de, eýsem, suwuklandyrylan gazy hem ýeňillikli bahadan iberýär. Şeýle-de medeni-durmuş maksatly desgalary gurýar. Ýaşlara bilim bermekde we hünärmenleri taýýarlamakda-da öz doganlyk kömegini berip gelýär.

Häzirki wagtda dostlukly gatnaşyklar täze many-mazmuna eýe bolup olaryň bilelikdäki giň möçberli ösüş maksatnamalary amala aşyrmaga giň ýol açýar. Şol gatnaşyklar tutuş taryhyň dowamynda üstünlikli berkidýär. Ol dostlukly gatnaşyklary has-da berkidýär.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň maksadymyz Ýer ýüzüniň bu böleginde ygtybarly, çalt depginler bilen ösýän, sazlaşykly energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýörelgesinden ugur alýar. Bu ulgam häzirkizaman dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň örän möhüm we aýrylmaz bölegini döretmäge gönükdirilendir. Netijeli sebitara we kontinental özara gatnaşyklara niýetlenilendir.

 

«Türkmenbaşy» döwlet-täjirçilik bankynyň Maliýe-ykdysady

müdirliginiň ykdysady seljeriş bölümi.