• Turkmen
  • English
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

12.03.2021 ý.

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň garamagyna Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça taýýarlanan teklip hödürlenildi.

Hususan-da, söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bu desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, toplumlaýyn çäreleriň netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetiň okgunly ösüş depgininiň üpjün edilýändigini belledi. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen soňky ýyllarda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Ýokary gözegçilik edarasy bilen bilelikde hödürlenen teklip boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer ýurdumyzyň sebitleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Taslamany maliýeleşdirmegi döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. 1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan, awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, türkmen halkynyň ýokary aň-düşünjeli, beden taýdan sagdyn, bilimli we zehinli ýaşlary terbiýelemegiň bahasyna ýetip bolmajak kadalaryny, maşgala däplerini döredendigini belledi. Halkara kadalardan hem-de ynsanperwerlik däplerinden ugur alýan döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, okgunly ösýän Watanymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap çagalar baglary, mekdepler, bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, seýilgähler, dynç alyş zolaklary gurulýar. Şeýlelikde, ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üpjün edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynda çagalar üçin dynç alyş seýilgähini gurmak barada hödürlenen teklibi makullap, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmagyň çäklerinde toplumyň önümçilik düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak meselelerine möhüm üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň ösüşiniň wajypdygyny belledi we nebitgaz pudagyny mundan beýläk-de köpugurly ösdürmek, onuň düzümlerini innowasion esasda döwrebaplaşdyrmak ýurdumyzda hem-de daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän nebithimiýa önümleriniň möçberlerini artdyrmak boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän hem-de eksporta niýetlenen möçberlerini, ýokary hilli önümleriň mukdaryny artdyrmak, milli we halkara ähmiýetli giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýewe söz berildi. Wise-premýer ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň ak ekin meýdanlarynda ideg işleri, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Halkymyzy dürli görnüşli gök önümler bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gök ekinlere, şol sanda irki ýeralma we sogana degişli ideg işleri dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki gök we bakja ekinlerini öz wagtynda ekmek üçin degişli işler alnyp barylýar.

Şeýle hem wise-premýer pile öndürmek möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi. Oňa laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan welaýatlaryň häkimlikleri bilen pile öndürmek boýunça şertnamalary baglaşmak, ýurdumyzyň daýhan birleşiklerini we beýleki pile öndürijilerini ýüpek gurçugynyň ýokary hilli tohumlary bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl ýurdumyz boýunça 2 müň 100 tonna pile öndürmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ter gök, bakja hem-de özümizde öndürilýän beýleki oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz ak ekinlere edilýän ideg işleriniň ýokary hil derejesine laýyk gelmelidigini, gowaça ekişine toplumlaýyn esasda taýýarlyk görülmelidigini belledi. Munuň özi bugdaýdan we “ak altyndan” bol hasyl almakda möhüm ähmiýete eýedir.

Döwlet Baştutanymyz öňde duran wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin obasenagat toplumynyň ösüşine, ýer serişdelerinden rejeli peýdalanmak meselelerine ylmy taýdan esaslandyrylan usullar arkaly çemeleşilmelidigini, iş ýüzünde täzeçil tehnologiýalaryň işjeň herekete girizilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýylda pile öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we ýüpekçi kärendeçileriň dokma toplumyna zerur bolan gymmatly çig maly taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekleri üçin ähli zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew sement kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda “Bäherden” sement zawodynyň ikinji tapgyryny, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyryny gurmak hakyndaky Kararlary esasynda, ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi bilen “Beýik bina” hususy kärhanasynyň, “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýetiniň arasynda, degişli şertnamalar baglaşyldy. Häzir sement kärhanalarynyň dünýä ülňülerine laýyk derejede taslamalaşdyrylyşyna we önümleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýän tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyna dahylly meseleler içgin öwrenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, “Açyk gapylar” syýasatyny we giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny alyp barýan Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny ösdürmekde, şol sanda kuwwatly gurluşyk senagatyny kemala getirmekde ägirt uly tejribe toplan, innowasion tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtlaryň öňdebaryjy ygtybarly kompaniýalary bilen gatnaşyk etmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bilelikdäki netijeli işler pudagyň kuwwatynyň artdyrylmagyna, ýokary hilli gurluşyk serişdeleriniň, şol sanda ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly isleg bildirilýän sementiň, beýleki önümleriň önümçiliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz täze sement zawodlaryny gurmak boýunça meseleleri jikme-jik seljermek barada wise-premýer Ş.Durdylyýewe we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow innowasion taslamalaryň “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Geçen ýyl ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda “Sanly çözgüt — 2020” atly bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşikde 100-den gowrak taslama görkezildi. Häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli, ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejedäki baýramçylyk çäreleri meýilleşdirildi. Şeýle hem milli Liderimiziň degişli Karary bilen 2021 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Döwlet maksatnamasy we ony ýerine ýetirmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak, önümçilige ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Munuň özi pudaklaryň işini döwrüň talabyna laýyk derejede döwrebaplaşdyrmakda ähmiýetlidir. Häzir ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak üçin zerur şertler döredilýär. Konsepsiýa laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenleriň, professor-mugallymlaryň, talyplaryň tagallasy netijesinde sanly bilimiň ulgamlaýyn üpjünçiliginiň programmasy ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň bu ugurda ýokary hilli hyzmatlary ýola goýmak, döwrüň talabyna laýyklykda, olaryň degişli milli we halkara ölçeglere kybap gelmegini üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz innowasion taslamalaryň “Sanly çözgüt — 2021” atly bäsleşigini geçirmek baradaky teklibi makullap, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmakda şu çäräniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi hem-de bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramyna bagyşlanan çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar. Baýramçylyk mynasybetli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, muzeý gymmatlyklarynyň, oba hojalyk önümleriniň we dokma pudagynyň harytlarynyň sergilerini guramak meýilleşdirilýär. Mukamlar köşgünde Milli bahar baýramynyň hormatyna “Parahatlyk bahary” ady bilen baýramçylyk konserti geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, taryhy müňýyllyklara uzap gidýän Nowruz baýramynyň medeniýeti, sungaty we ýagşy dessurlary giňden wagyz etmekde halkara ähmiýetiniň bardygyny belläp, onuň häzirki döwürde halklaryň arasyndaky agzybirligi pugtalandyrýandygyny aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Halkara Nowruz baýramy dünýäde parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine döwletleriň özara gatnaşyklary üçin täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň arasynda ynanyşmagy, özara düşünişmegi, dostlugy pugtalandyrýar.

Ähli baýramçylyk çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyza garamagyndaky käbir düzümleriň işini kämilleşdirmek baradaky teklipleri hödürledi.

“Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan”, döwlet Baştutanymyzyň “Ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda” Kararyndan, “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Sport we ýaşlar syýasaty ministrlikleriniň, Ylymlar akademiýasynyň merkezi edarasynyň düzüminde “Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy” bölümini açmak teklip edilýär. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň Düzgünnamalaryny kämilleşdirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň örän wajypdygyny belledi. Bu ulgam häzirki döwrüň şertlerinde ähli işleri ýokary derejede guramaga, utgaşdyrmaga, ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligine hem-de hiline gözegçiligi amala aşyrmaga ýardam edýän dolandyryşyň netijeli guraly bolup durýar. Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, “Elektron hökümet” ulgamyny işjeň ornaşdyrmak döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen möhüm döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň wajyp şertidir.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyryp, döwrebap sanly ulgamlary mundan beýläk-de ornaşdyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow milli senenamamyzyň şanly senelerini baýram etmäge, şu ýylky möhüm halkara çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasy strategiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiziň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna, ykrarnamasyna eýe bolýar. Şol başlangyçlary ilerletmek maksady bilen anyk çözgütler kabul edilýär. Şol çözgütler bolsa BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalaryň çäklerinde durmuşa geçirilýär.

Ministrler Kabinetiniň 12-nji fewralda geçirilen, Hökümetiň 2020-nji ýylda ýerine ýetiren işleriň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň barşynda şu ýyla we uzak möhletli geljege niýetlenen möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyny, medeni çäreleriň Meýilnamasyny, sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň, festiwallaryň sanawyny, ulanmaga beriljek binalaryň, desgalaryň sanawyny aýratyn bellemek gerek. Bu Karary ýerine ýetirmek maksady bilen, ýanwar-fewral aýlarynda degişli işler geçirildi. Hususan-da, Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda dürli derejedäki çäreleriň 68-si guraldy.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň wise-başlygy wezipesini ýerine ýetirýändigi bellenildi. Mundan başga-da şu ýylda ýurdumyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy.

YHG-nyň 4-nji martda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen XIV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny beýan edip, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy wezipeleri kesgitledi. Milli Liderimiz ulag we kommunikasiýalar, energetika, senagat, ykdysadyýet we söwda, sanly tehnologiýalar ýaly, ileri tutulýan ulgamlarda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Şol teklipler bolsa YHG-niň çäklerinde amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalarda we taslamalarda beýan ediler. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň nobatdaky, XV Sammitini 28-nji noýabrda Aşgabatda geçirmek meýilleşdirilýär.

Şu ýyl ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitini, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Ýylyň ahyrynda Aşgabat şäherinde ählumumy parahatçylygy we ynanyşmagy, halkara howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi gazanmak üçin köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge bagyşlanan ýokary derejeli halkara maslahaty guramak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda ýokarda agzalan möhüm wakalaryň ählisine taýýarlyk görmek boýunça degişli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýylyň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň milli, sebit we ählumumy bähbitlere laýyk gelýän halkara başlangyçlaryny, tekliplerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýändigini nygtady. Bu strategiýanyň esasy maksady dürli döwletler, hususan-da, sebitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ugurlarda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy giňden bellenýän ýylda daşary ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda birnäçe möhüm halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Muňa mysal hökmünde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV sammitlerini, Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn duşuşygyny görkezmek bolar.

Bulardan başga-da “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygy mynasybetli daşary ýurtly ýokary derejeli wekiliýetleriň gatnaşmagynda köp sanly halkara forumlar, maslahatlar, birnäçe baýramçylyk çäreleri geçiriler.

Bu şanly seneler mynasybetli paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan birnäçe möhüm ähmiýetli desgalar dabaraly ýagdaýda ulanmaga berler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz aprel aýynda bu möhüm desgalaryň açylyş dabaralarynyň meýilleşdirilýändigini nazara almak bilen, wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň täze açyljak binasynda daşary ýurtly wekilleriň gatnaşmagynda maslahat geçirmek boýunça häzirden taýýarlyk-guramaçylyk işlerine başlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz şeýle hem geçiriljek maslahatyň adyny, oňa gatnaşjak abraýly halkara guramalaryň hem-de ýurdumyzda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň sanawlaryny kesgitläp, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisine çenli teklipleri bermek barada görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli parlamentiň nobatdaky maslahatynda serediljek meseleler barada maglumat berdi.

13-nji martda wideoaragatnaşyk arkaly mejlisiň nobatdaky maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onda deputatlaryň garamagyna birnäçe täze kanunçylyk taslamalary, şeýle hem hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly meseleler hödürlener. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna kanunçylyk-hukuk taýdan goldaw bermek maksady bilen, Mejlisiň kararlarynyň taslamalaryny, milli parlamentiň 2021-nji ýyl üçin kanunçykaryjylyk işiniň meýilnamasyny kabul etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmelere goldaw bermäge, raýatlyk edaralaryň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegine gönükdirilen kanunçykaryjylyk işiniň ähmiýetlidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz halkara hyzmatdaşlygy we kanunçykaryjylyk babatda tejribe alşylmagyny, dünýä jemgyýetçiliginiň demokratik, hukuk döwletiň ösüş ýoly bilen öňe barýan Türkmenistanyň taryhy tejribesi we häzirki döwürde gazananlary bilen tanyşmagyny üpjün edýän parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmeginiň wajypdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň serhetýaka çäklerinde gulluk edýän harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi guruldy we ulanmaga berildi, hususan-da, Balkan, Lebap welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Köýtendag, Bäherden etraplarynda lukmançylyk edaralary guruldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinde degişli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

Şeýle hem Goranmak ministrligi tarapyndan Balkan welaýatynda has oňaýly, otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeniýet öýüniň, mekdebiň, çagalar bagynyň, saglyk öýüniň gurluşygynyň barşy barada hasabat berildi. Şol desgalary ýakyn geljekde ulanmaga bermek meýilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, harby gullukçylaryň gulluk etmegi, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuşy üçin has oňaýly şertleri döretmegiň ýurdumyzda amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Döwletimiz mundan beýläk hem döwrebap serhet galalarynyň täze binalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny, Watan goragçylary üçin gulluk we durmuş maksatly desgalary yzygiderli gurar hem-de ulanmaga berer, olary döwrebap tehnikalardyr täze enjamlar bilen üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow ýurdumyzyň dürli künjeklerinde şu ýylyň mart aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen ýyladyşhanalaryň gurluşygy boýunça geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, sebitlerde mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň gurluşyklary batly depginlerde dowam edýär. Häzir Ahal welaýatynyň Kaka, Ak bugdaý etraplarynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň çäklerinde gurulýan ýyladyşhanalaryň gurluşygy tamamlandy. Şu günler olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen täze toplumlar döwrebap tehnologik awtomatlaşdyrylan enjamlar bilen üpjün edildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň durmuşynyň ýokary derejesiniň ýola goýulmagynda möhüm orun eýeleýän oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn kämilleşdirilmeginiň yzygiderli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlarynyň biridigini belledi. Obasenagat toplumynyň yzygiderli ösdürilmegine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň, bu ugurda ýurdumyzyň önüm öndürijilerine döwlet tarapyndan berilýän goldawyň netijesinde ägirt uly üstünlikler gazanyldy hem-de dürli görnüşli oba hojalyk önümlerini öndürilişi artdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalaryň işe girizilmeginiň ýurdumyzyň okgunly ykdysady ösüşine ýardam etjekdigini aýdyp, wise-premýere, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna ýyladyşhanalaryň ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýän şanly seneler mynasybetli ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän beýleki desgalarda alnyp barylýan işleri hem berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda we ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabaralaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Wise-premýer Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde ýyladyşhananyň açylyşynyň maksatnamasynyň taslamasynyň taýýarlanandygyny habar berdi. Bu desga Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Oguz ýol” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruldy.

Şol gün sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda döwrebap ýyladyşhanalary işe girizmek göz öňünde tutulýar. Ýyladyşhanalaryň meýdany 35 gektara barabar bolup, olaryň kuwwaty ýylda 8 müň 750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň her bir sebitinde iri ýyladyşhana toplumlarynyň yzygiderli ulanmaga berilýändigini nygtady. Şolarda öňdebaryjy tejribe esasynda innowasion tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar, azyk önümleriniň köp görnüşlerini öndürýän kärhanalaryň onlarçasy guruldy. Bu giň gerimli işlere hususy işewürligiň wekilleri işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokarda agzalan pudaklarda iri maýa goýum taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.

Milli Liderimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmaga, obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, azyk bolçulygyny üpjün etmäge uly ähmiýet berilýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýy mynasybetli ulanylmaga beriljek döwrebap ýyladyşhanalaryň açylyş dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde guramak barada wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra wise-premýer Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurulýan iri dokma toplumlaryny hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýokary tehnologiýalar ornaşdyrylan bu kärhanalar işe girizilenden soň, döwrebap tehnologik enjamlary netijeli ulanmak hem-de doly kuwwatynda işledip, ýokary hilli önüm çykarmak maksady bilen, häzirki wagtda olary ýörite hünärli işgärler bilen üpjün etmek ugrunda işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Ahal welaýatyndaky, Aşgabat şäherindäki başlangyç we orta hünär okuw mekdepleriniň binýadynda 2-3 aýlyk okuwlary guramak göz öňünde tutulýar. Bilim ministrligi we Ahal welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde gysga möhletli ýörite okuwlaryň meýilnamasyny işläp düzmek, bu kärhanalara zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleri — tehnologlary, inženerleri we beýleki hünärmenleri seçip almak üçin degişli ýokary okuw mekdepleri bilen işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki döwürde öňdebaryjy tehnologiýalaryň, Diýarymyzyň hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini ulanmagyň esasynda ugurdaş senagatyň çalt depginler bilen ösmegi netijesinde ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümleriniň diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygyny belledi. Dokma senagaty ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolmak bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudagynyň okgunly ösüşiniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Bu pudagyň önümçilik binýady yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýokary hilli taýýar önümleriň görnüşleri giňeldilýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Bu ulgamda görülýän netijeli çäreler ýaş hünärmenleri çekmäge, ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi. Milli Liderimiz dokma pudagy üçin degişli hünärmenleri taýýarlamagyň wajypdygyny nygtap, wise-premýere okuw edaralaryny şu maksatlar üçin netijeli ulanmak boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.