• Turkmen
  • English
  • Русский
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» Döwlet täjirçilik banky

Bank hünärmenleriniň ýürek joşgunlary

12.04.2021 ý.

Ka­ka­jan BAÝ­RAM­GU­LY­ÝEW, «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Buh­gal­ter ha­sa­by we ha­sa­bat­la­ry mü­dir­li­gi­niň hü­när­me­ni:

 — Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýurdu­my­zyň «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik banky­nyň tä­ze, döw­re­bap bi­na­sy­ny açyp ulan­ma­ga ber­megi biz — ban­kyň iş­gär­le­ri üçin ýatdan çyk­ma­jak ta­ry­hy wa­ka bo­lup, buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­di. Açylyş da­ba­ra­syn­da ma­ňa Gah­ryman Ar­ka­da­gy­my­zyň öňün­de çy­kyş et­mek bag­ty mi­ýes­ser et­di. Örän tol­gun­dy­ry­jy pur­sat­la­ry baş­dan geçir­dim. Mil­li Li­de­ri­mi­ze ban­kyň işi, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän döw­re­bap hyz­matla­ryň aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­dim. Men 2015-nji ýyl­da Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dyryş instituty­nyň ma­li­ýe fa­kul­te­ti­ni ta­mam­lap, yk­dy­sat­çy kä­ri­ne eýe bol­dum. Şol ýyl­dan bäri hem «Türkmen­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­kynda zäh­met çe­kip gel­ýä­rin. Bi­ziň müdir­li­gi­miz­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler ban­kyň ba­lans dü­zü­mi, gir­de­ji­le­ri we çykdajy­la­ry, sal­gyt tö­leg­le­ri bilen bag­la­ny­şyk­ly bo­lup, Türk­me­nista­nyň Mer­ke­zi ban­ky­na tab­şy­ryl­ýan ha­sa­bat­la­ry taý­ýar­la­ýa­rys. Ban­kyň tä­ze, döw­re­bap bi­na­sy­nyň açyl­magy di­ňe bi­zi — hü­när­men­le­ri ýoka­ry de­re­je­li iş şert­le­ri bi­len üp­jün et­män, eý­sem müş­de­ri­ler üçin hem amat­ly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­di. In­di olar ban­ka gelmez­den, karz al­mak, tä­ze bank kart­la­ry­ny sar­ga­mak, goýum goý­mak, je­ma­gat hyz­mat­la­ry üçin tö­leg­le­ri, ipo­te­ka karz­la­ry­nyň esa­sy ber­gi­le­ri­ni we gö­te­rim­le­ri­ni tö­le­mek ýa­ly bank amal­la­ry bi­len bag­ly he­re­ket­le­ri in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly, on­laýn gör­nüş­de, öý­de oturan ýer­le­rin­den ama­la aşy­ryp bilýär­ler. Mu­nuň üçin müş­de­ri­ler bankyň www.tbbank.gov.tm at­ly res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­dan peý­da­lanýar­lar. Bank­da müş­de­ri­le­re ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek üçin iň tä­ze, kä­mil teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naşdy­ry­lan. Esa­san-da, in­ter­ne­tiň üs­ti bi­len men­zi­la­ra bank hyzmat­la­ry­ny ama­la aşyr­mak, nagt däl ha­sap­laşyk­la­ry ge­çir­mek üçin giň mümkinçi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi alyp bar­ýan iş­le­ri­mi­ziň des­sin­li­gi, ta­kyk­ly­gy, ýo­ka­ry ne­ti­je­li­li­gi, müş­de­ri­ler üçin hem amat­ly­ly­gy ba­bat­da uly äh­miýe­te eýe­dir. Şeý­le döw­re­bap bi­na hem-de biz—ýaş hü­när­men­ler ha­kyn­daky taý­syz ta­gal­la­la­ry üçin hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ze eg­sil­mez al­kyş aýd­ýa­rys. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bil­dir­ýän belent yna­my­ny öde­mek üçin bi­limi­mi­zi, ukyp-ba­şar­ny­gy­my­zy gaýgyr­man, ha­lal hem ne­ti­je­li zäh­met çe­kip, Wa­ta­ny­my­zyň ösüş­le­ri­ne my­na­syp go­şan­dy­my­zy goşarys.

Ba­har­gül GA­RA­ÝAG­DY­ÝE­WA, «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky­nyň Ha­sap­la­şyk we kas­sa amal­la­ry mü­dir­li­gi­niň hü­när­me­ni:

— Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­myzyň 30, paý­tag­ty­myz Aş­ga­ba­dyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyl­lyk ta­ry­hy toý­la­ry toý­la­nyl­ýan «Türkme­nis­tan — para­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bir günde ýur­du­my­zyň iki sa­ny ban­ky­nyň tä­ze, döw­re­bap bi­na­la­ry­ny açyp ber­me­gi şöh­rat­ly ýy­la şan be­ren aja­ýyp wa­ka hökmünde taryha ýazylar. Ga­raş­syz­lyk ýyllaryn­da ýur­du­my­zyň ma­li­ýe-bank ul­ga­my düýp­li ösüş­le­re eýe bol­dy. Hor­matly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­lala­ry­ ne­ti­je­sin­de, soň­ky ýyl­lar­da ulga­myň işi has-da kä­mil­leş­di­ril­ýär hem-de döw­re­bap­laş­dy­ryl­ýar. «Türk­men­ba­şy» döw­let tä­jir­çi­lik ban­ky hem ýur­du­myz­da iň ir­ki döre­di­len bank­la­ryň bi­ri­dir. Bir asy­ra go­laý ta­ry­hy bo­lan bu bank ýur­dumy­zyň iri se­na­gat pu­dak­la­ry­na, husu­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­ri­ne, ra­ýat­la­ra hyz­mat ed­ýär. Men 19 ýyl bä­ri şu bank­da iş­läp gel­ýä­rin. Bi­ziň müdirligimiz­de, esa­san, ban­kyň ýer­ler­dä­ki ban­ko­mat­la­ry­na gö­zeg­çi­lik et­mek, hasap­la­şyk we kas­sa amal­la­ry bilen bag­ly res­mi­na­ma­la­ry taý­ýar­lamak ýa­ly iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Ban­kyň tä­ze bi­na­sy­nyň işe başla­ma­gy bi­len, ýu­ri­dik ta­rap bo­lan müş­de­ri­ler hem-de te­le­ke­çi­ler üçin in­ter­net ul­ga­my ar­ka­ly bank ha­sapla­ry­ny barlamak, ola­ryň elekt­ron gö­çür­me­le­ri­ni al­mak, elekt­ron tö­leg tab­şy­ryk­la­ry­ny taýýar­la­mak; «Al­tyn asyr» kart­ly tö­leg ul­ga­my­nyň döwre­bap tö­leg ter­mi­nal­la­ry arka­ly, galta­şyk­syz bank kart­la­ry­ny ulan­mak esa­syn­da, ha­sap­la­şyk iş­le­ri­ni çalt ama­la aşyr­mak; in­ter­net ul­ga­myndan peý­da­la­nyp, müş­de­ri­le­riň bank kart­la­ry­ny açmak, tä­ze­den çap etmek bo­ýun­ça elekt­ron ar­za­la­ry­ny ka­bul et­mek we olar boýun­ça töleg­le­ri «Al­tyn asyr» bank kart­la­ry ar­ka­ly on­laýn gör­nüş­de tö­le­mek müm­kin­çi­li­gi ýa­ly san­ly hyz­mat­lar hö­dür­le­ni­ler. Şeý­le-de karz al­ma­ga is­leg bildirýän ra­ýat­la­ryň ar­za­la­ry­ny elekt­ron gör­nüş­de, men­zi­la­ra ka­bul et­mek, müş­de­rä ar­za­sy­nyň ýag­daýy ba­ra­da men­zi­la­ra ha­bar ber­mek hyz­ma­ty­nyň hem kämilleşdirilen gör­nü­şi­niň ýo­la goý­lan­dy­gy­ny belle­mek ge­rek. Dö­wür bi­len aýakdaş git­mek, neti­je­li zäh­met çek­mek ba­bat­da şu­lar ýa­ly döw­re­bap mümkinçilik­le­ri döred­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, iş­le­ri rowaç bol­sun!