“ALTYN –ASYR” BANK KARTLARY

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB Türkmenistanyň Prezidentiniň 11. 01. 2008-nji ýyldaky №9362 belgili Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, “Altyn –Asyr” bank kartlar ulgamyny ornaşdyrmak, ýaýratmak we ösdürmek boýunça işleri işjeňlik bilen alyp barýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-da 371980 sany kart hasaplary açyldy we olary möçberi günsaýyn artýar.

Söwda nokatlarynda we hyzmat ediş nokatlarynda töleg terminallarynyň 2816-sy gurnaldy.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ulgamy boýunça bankomatlaryň 358 sanysy hyzmat edýär.

Bankomatlar Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ähli şahamçalarynda we beýleki nokatlarda -- söwda merkezlerinde, howa menzillerinde, kärhanalarda we guramalarda gurnalandyr.

Bankomatlaryň, “Mobil bank” we “Internet bank” hyzmatlarynyň üsti arkaly ýurdumyzyň banklaryndan alnan karzlary we oňa hasaplanan göterimleri, şeýle hem “Altyn Asyr”, CDMA, öý telefon, internet aragatnaşyk ulgamlarynyň  töleglerini nagt däl görnüşde tölemek mümkinçiligi ornaşdyrylandyr.

Häzirki günde müşderileri çekmek maksady bilen, töleg terminallarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde tölegleri geçirilende bank kartlarynyň eýelerinden hiç hili ýygym alynmaýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB häzirki günde we geljekde amatly şertleri döretmek we ýurdumyzyň ilatyny durmuş taýdan goldamak maksady bilen, ýurtda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberini artdyrmak boýunça işleri işjeň alyp barar.

Goşmaça maglumatlary Siz biziň bankymyza gelip, ýa-da şu aşakdaky telefon belgiler boýunça alyp bilersiňiz:
44-71-75 (78,79), 44-70-26.

«ALTYN ASYR» TÖLEG ULGAMYNYŇ BANKOMATLARYNY ULANMAK BOÝUNÇA GÖZÜKDIRIJI


Altyn asyr”, “Millikart”, “VISA” we “MasterCard” bank kartlary bilen harytlar we hyzmatlar üçin geçirilýän nagt däl hasaplaşyklarda töleg terminalyny ulanmak boýunça gözükdiriji :


Edil şunuň ýaly hem özüňizi gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB-nyň ýüz tutup bilersiňiz:

 

 

Töleg terminallaryny gurnamak üçin hödürlenmeli resminamalaryň sanawy

Hususy telekeçi - şahsy taraplar üçin:

  • Terminaly gurnamak barada arza ýa-da ýüz tutma haty
  • Hasaplaşyk hasabynyň rekwizitleri
  • Pasportyň nusgasy
  • Patentiň nusgasy
  • Hususy telekiçiniň bellige alyş şahadatnamasynyň nusgasy
  • Salgyt hasabyna goýlandygy hakynda şahadatnamanyň nusgasy
  • Kärende şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy barada resminamanyň nusgasy (zerurlygyna gorä)

Ýuridiki şahslar üçin:

  • Terminaly gurnamak barada resmi hat
  • Hasaplaşyk hasabynyň rekwizitleri
  • Türkmenistanyň Edara görnüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmesiniň nusgasy
  • Ýuridiki şahslaryň Tertipnamasynyň ýa-da Düzgünnamasynyň kepillendirilen nusgasy
  • Döwlet tarapyndan hasaba almak hem-de Türkmenistanyň Edara görüşli taraplarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky Şahadatnamasynyň kepillendirilen nusgasy
  • Kärende şertnamanyň ýa-da eýeçilik hukugy barada resminamanyň nusgasy (zerurlygyna gorä).