Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB telekeçilere we ýuridiki şahslara pul serişdeleriniň hereketine hyzmat etmek bilen baglanyşykly wajyp işleriň biriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin milli pulda hasaplaşyk (şol wagtky) hasaplaryny açmak we alyp barmak boýunça hyzmatlary hödürleýär.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB pul serişdeleriniň bank we beýleki karz beriş edaralaryndan alnan ýagdaýynda bolşy ýaly, olar görkezilen edaralara tabşyrylanda hem olaryň ygtybarlylygyny we goraglylygyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB müşderilere (fiziki we ýuridiki şahslara) şäheriň merkezi gorag ulgamyna birikdirilmegi arkaly goragyň iň häzirki zaman ulgamy bilen enjamlaşdyrylan we goraglylygyň ýokary derejesine eýe bolan bankyň ýörite gurnalan otagynda ýerleşdirilen hususy seýfleri kärendesine hödürleýär.
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB bankyň şu aşakdaky binýatlyk işleri bilen baglanyşykly umumy häsiýetli maglumat we maslahat beriş hyzmatlaryny hödürleýär:
Hususy seýf-bölümçeleri gymmatly zatlary, altyn-kümüş önümlerini, resminamalary saklamak üçin niýetlenendir.
Seýf-bölümçeleri:
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” DTB öz müşderilerine hem-de olaryň ynanylan adamlaryna seýf bölümçelerine barlanda, mümkin bolan doly amatlylygy üpjün edýär. Bank bölümçelerinde ýerleşdirilen resminamalaryň we gymmatlyklaryň doly gizlinligini hem-de ygtybarlylygyny kepillendirýär.
Müşderiler üçin bankyň iş wagtlary: iş günlerinde 9:30-dan 16:30-a çenli ( 13:00-dan 14:00-a çenli arakesme), şenbe güni 9:30-dan 13:00-a çenli
Dynç güni – Ýekşenbe
Hususy seýf-bölümçeleri bankyň Aşgabat ş. H. Annadurdyýew köç.№ 54 jaýyndaky Baş edarasynda ýerleşýär.
Habarlaşmak üçin tel.: 44-70-29