• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Goýumlar

 

"Ak şäherim Aşgabat" möhletli goýumy

 

Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň baýramçylygy mynasybetli «Ak şäherim Aşgabat» atly täze möhletli goýumyny hödürledi. Goýum 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden başlap 1-nji awgustyna çenli açylýar.

-        goýumyň hereket edýän möhleti – 1 ýyl;

-        goýumyň iň az möçberi – 500 manat;

-        goýumyň ýokary çäk möçberi – 500 000 manat;

-        goýumyň göterimi – ýyllyk 12%;

-        nagt we aýlyk zähmet haky geçirilýän «Altyn asyr» bank kartynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde kabul edilýär.

 

"3-6 aý depozitler"

Goýumyň möçberi çäklendirilmedik.

Goýum nagt pul serişdelerini goýmak ýoly bilen açylýar.

Goýuma goşmaça pul serişdelerini goýmaklyga we goýumdan pul serişdelerini bölekleýin almaklyga rugsat berilmeýär.

Göterimler her aýda hasaplanylýar we berilýär. Göterim derejesi 3 aý depozit boýunça – ýyllyk 4 %, 6 aý depozit boýunça – ýyllyk 6 %

 

“Möhletli” goýumy

Goýumyň iň az möçberi - 100 manat. Goýum bir ýyl möhletli açylýar.

-   Goýumyň ýokary çäk möçberi çäklendirilmedik.

-   Goýumyň göterimi – ýyllyk 9%;

-   Goýumy nagt we nagt däl görnüşinde („Altyn Asyr“ bank kartynyň hasabyndan geçirilen pul serişdeler arkaly) ýa-da beýleki möhleti gutaran goýumlardan boşan pul serişdeleriň hasabyna, şeýle-de şu goýuma ýa-da başga bir goýuma hasaplanan göterim möçberi arkaly goýum hasabyny açmaklyga we goýumyň üstüni doldyrmaklyga rugsat berilýär.

Göterimler her aýda hasaplanylýar. Goýumçynyň islegine görä göterim haklary esasy goýuma geçirilýär ýa-da goýumça nagt görnüşinde berilýär.

Şertnamanyň möhleti gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.

 

"Ruhybelent Nesilleri" goýumy

Goýumyň bu görnüşi 14 ýaşa ýetmedik çagalaryň adyna açylýar we goýumçy 18 ýaşa ýetýänçe hereket edýär.

  •  Göterim derejesi – ýyllyk 9 %.
  • Goýumyň iň az möçberi - 100 manat.
  • Goýumyň ýokary çäk möçberi çäklendirilmedik.
  • Goýuma pul serişdeler nagt görnüşinde kabul edilýär.
  • Goýumyň üstini doldyrmaklyga rugsat berilýär.
  •  Kämillik ýaşyna ýetmedik Goýumça her ýylda doglan gününe bagyşlap goýumyň galyndysyndan 1 % möçberinde - “Bank tarapyndan sowgat” edilýär.
  • Göterimler her aýda hasaplanylyp, esasy goýuma geçirilýär.

 

“Pensiýa“ goýumy

Goýumyň bu görnüşine pensiýa ýaşyndaky raýatlara bir ýyl möhletli açylýar.

  • Göterim derejesi - ýyllyk 10 %.
  • Goýumyň iň az möçberi - 100 manat.
  • Her goýumçy üçin goýumyň ýokary çäkmöçberi 50 000 manada çenli çäklendirilen.  
  • Goýumy her aýda 1 000 (bir müň) manatdan geçmeýän pul serişdeleriň we şu goýuma hasaplanylýan göterimleriň hasabyna doldurylyp bilner.
  •  Goýumy nagt we nagt däl görnüşinde („Altyn Asyr“ bank kartynyň hasabyndan geçirilen we Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan nagt däl görnüşinde toplanan pul serişdeler arkaly) ýa-da beýleki möhleti gutaran goýumlardan boşan pul serişdeleriň hasabyna, şeýle-de şu goýuma ýa-da başga bir goýuma hasaplanan göterim möçberi arkaly täze goýum açmaklyga we goýumyň üstüni doldyrmaklyga rugsat berilýär.
  • Göterimler her aýda hasaplanylýar. Goýumçynyň islegine görä göterim haklary  esasy goýuma geçirilýär ýa-da goýumça nagt görnüşinde berilýär.

Şertnamanyň möhleti gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.

 

“Zenan kalby“ möhletli goýumy

  Goýum Halkara zenanlaryň 8-nji mart güni mynasybetli zenanlar üçin açylýar. Goýumyň açylyş döwri – 2021-nji ýylyň 1-nji martyndan 1-nji iýul aralygy.  

-        goýumyň hereket edýän möhleti – 1 ýyl;

-        goýumyň görnüşi – möhletli;

-        goýuma pul serişdeler nagt we nagt däl („Altyn Asyr“ bank kartynyň hasabyndan geçirilen pul serişdeler arkaly) ýa-da beýleki möhleti gutaran goýumlardan boşan pul serişdeleriň hasabyna, şeýle-de şu goýuma ýa-da başga bir goýuma hasaplanan göterim möçberi arkaly täze goýum açmaklyga we goýumyň üstüni doldurmaklyga rugsat berilýär.

-        goýumyň iň az möçberi – 500 manat;

-        goýumyň ýokary çäk möçberi  çäklendirilmedik;

-        goýumyň göterimi – ýyllyk 11%.

 

 "Watan gerçekleri" goýumy

Goýumyň bu görnüşine diňe Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we olaryň yzynda ýeke galan aýallaryna, beýleki döwletleriň çäginde bolan söweşlere gatnaşan weteranlara, Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky tyl zähmet weteranlaryndan pul serişdeleri kabul edilýär.

  • goýumyň hereket edýän möhleti – 1 ýyl;
  • goýumyň görnüşi – möhletli;
  • goýumy nagt pul görnüşinde ýa-da ýapylan möhletli goýumy täzeden resmileşdirilen ýagdaýynda, boşan pul serişdeleriň hasabyna açylýar;
  • goýumyň iň az möçberi – 100 manat;
  • goýumyň ýokary çäk möçberi – 10 000 manat ;
  • goýumyň üstüni nagt görnüşinde dolmaga hukuk berilýär.
  • goýumyň göterimi – ýyllyk 12%;

Göterimler her aýda hasaplanylýar. Şertnamanyň möhleti    gutarýança göterim derejesi üýtgedilmeýär.                                         

 

Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ paýdarlar täjirçilik bankynyň ähli şahamçalary goýuma goýlan pul serişdeleriň goraglygyny we goýumçylara birinji talaby boýunça olaryň berilmegini üpjün edýärler.

 

Goşmaça maglumat almak üçin bankyň merkezi diwanyna we onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz:

Merkezi diwan:

Çandybil şaýoly, 121 j. tel: 44-42-96, 44-41-85, 44-41-87

Köpetdag şahamçasy:

B.Garryýew köç., 2A j., tel: 94-24-68; 94-27-93

Azatlyk şahamçasy:

B.Annanow köç., 165 j., tel: 28-06-82, 76-10-77 (148)

Çandybil şahamçasy:

10 ýyl abadançylyk köç., 165 j., tel:21-71-54, 21-89-44

Aşgabat şahamçasy:

H.Annadurdyýew.köç, 54 j. tel: 44-70-07

Büzmeýin şahamçasy:

Gündogar köç., 3 j., tel: 33-15-42, 33-11-42

Ahal welaýatynyň Sarahs şäher şahamçasy:

Şeýdaýy köç., j. 1, tel: (800134) 44-0-17; 44-0-15

Mary welaýat şahamçasy:

S.Nyýazow köç., 9 j., tel: (8522) 6-03-78, 6-13-62

Balkanabat welaýat şahamçasy:

Nebitçiler şaýoly, 195 kw., tel: (800222) 7-26-04, 7-45-85

Lebap welaýat şahamçasy:

Ahal köç., 6 j., tel: (800422) 3-62-69,3-37-77

Daşoguz welaýat şahamçasy:

Al-Horezmi köç., 29 j., tel: (800322) 9-10-56, 9-00-25