• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Pul-alyş-çalyş amallary

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky müşderilerimiziň isleglerinden hem-de bank hyzmatlarynyň dünýä ülňülerinden ugur alyp, häzirki zaman bank tehnologiýalaryny özleşdirýär, hyzmatlar toplumyny täzeleýär we kämilleşdirýär.

Bankyň syýasaty – açyk gapylar syýasaty. Abraýlylyk, açyklyk, durnuklylyk, ygtybarlylyk bankyň işiniň esasy ugry bolup durýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB işewür adamlary özara bähbitli hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bank hemme müşderiler bilen olaryň alyp barýan işleriniň möçberine we hususyýetçiliginiň görnüşine garamazdan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB hyzmatlaryň aşakdaky toplumlaryny amala aşyrýar

  • Müşderileriň (fiziki we ýuridiki şahslaryň) hasaplaryny açmagy we alyp barmagy
  • Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda dürli görnüşli pul geçirimlerini, şeýle hem tölegiň ýagdaýyny barlamagyň we aýdyňlaşdyrmagyň mümkinçiligini
  • Eksport we import akkreditiwli amallary – bu söwda geleşiklerine gatnaşyjylaryň bähbitleriniň goraglylygyny kepillendirýän maliýe-bank hyzmatlarynyň täsin ýygyndysydyr. Bankyň işgärleriniň ýokary hünär derejesi bolsa akkreditiwi tiz we ýokary hilli taýýarlamaga mümkinçilik berer
  • Söwda däl amallary: pul serişdelerini çalşyrmagy, TBWB-nda daşary ýurt puluny satyn almagy, şeýle hem bankyň içerki söwdalaryna gatnaşmak mümkinçiligi. Bu bolsa Siziň çykdajylaryňyzy we daşary ýurt puluny satyn almagyň amallaryny geçirmegiň wagtyny azaldar. Ýeke-täk tariflaýyn stawkasy boýunça ähli bank güwänamalarynyň berilmegini
  • Kassa amallary: nagt pullary peýdalanmak boýunça hyzmatlary etmek, milli puly hasaba salmak we hasapdan çykarmak, pulhananyň girdejileriniň ýygymy, kagyz pullarynyň ulanylyşa ýaramlylygyny kesgitlemek, puly bölüp bermek, könelen pullary çalyşmak, nagt tölegleri bankyň müşderileriniň, şeýle hem Türkmenistanyň beýleki banklarynyň hyzmatyndan peýdalanýan müderileriň bähbidine kabul etmek
  • Halkara amallary boýunça maslahatlar, dürli pullaryň özara gatnaşyklary baradaky maglumatlary bermek, müşderiniň töleg resminamasyny taýýarlamak, şertnamanyň töleg şertlerini seljermek, şertnamalar boýunça netijeleri berip, kepillikleri bermek
  • “Western Union” ulgamy boýunça pul geçirimleri: bütin dünýä boýunça pullary örän tiz we ygtybarly geçirmegiň usuly, serişdeleri göniden-göni bellenilen ýere/adama ýetirmegiň kepili, bank hasaplaryny açmazdan pullaryň geçirilmegi

Häzirki güne çenli Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB tarapyndan hödürlenen“Western Union”-yň müşderilerine hyzmat etmegiň 25 nokady guraldy.

Häzirki wagtda bank hyzmat etmegiň täze, ýokary derejesine çykýar. Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB -- geljegiň bankydyr – ol tehniki taýdan enjamlaşdyrylan ýeke-täk bitewilikdir. Ol ýerde islendik amallar serhetlere we uzak aralyklara garamazdan örän gysga möhletlerde amala aşyrylýar.

Bu gün Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB - Türkmenistanyň iň kompýuterleşdirilen banklarynyň biridir. Bankyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyşynyň derejesi näçe ýokary boldugyça, müşderilere hyzmat edilişiniň gerimi şonça giňdir.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB müşderilere ýokary hünär derejesinde hyzmat etmegi, bank amallarynyň gizlinligini saklamagy hem-de goýumçylaryň maýa goýumlaryny ygtybarly goýmaklaryny üpjün etmegi kepillendirýär.

Biz Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” PTB tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we yzygderli alnyp barylýan syýasatyň banka hem-de onuň müşderilerine geljekde üstünlik getirjekdigine ynanýarys.