• Turkmen
  • Русский
TÜRKMENISTANYŇ "TÜRKMENBAŞY" PAÝDARLAR TÄJIRÇILIK BANKY

Karzlaşdyryş

 

      HORMATLY MÜŞDERILER!

  

      Türkmenistanyň“Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky alyp barýan karz syýasatyna laýyklykda,

     şu aşakdaky  karz hyzmatlaryny hödürleýär:

 

  1. Karzlara ulanylmaly göterim derejeler we möhletler:

Raýatlar boýunça

 

Karzyň görnüşi

Göterim derejesi

 Möhleti

1

Ýaşaýyş jaý satyn almak üçin

8%

15 ýyla çenli

2

Awtokarzlar

10%

3 ýyla çenli

3

Saglygy bejertmek bilen bagly tölegler, sanatoriýa bejeriş hyzmatlary üçin tölegleri

7%

2 ýyla çenli

 

4

Talyp karzy (Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan fiziki şahslara ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlaryna okuwyň  töleglerini nagt däl görnüşinde tölenilýär)

5%

Okuw şertnamasyna laýyklykda 5 ýyla çenli karz akymy

5

Toý karzy

12%

3 ýyla çenli

6

Sarp ediş maksadyna (gaýragoýulmasyz zerurlyklara)

12%

3 ýyla çenli

7

Oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanşyk serişdelerini edinmek       hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna (kçi göwrümli karzlar)

10%

3 ýyla çenli

8

Owerdraft karzy

12%

1 ýyl möhlete  şertnama baglaşylyp 45 güne çenli

 

 

 

Bankymyzyň salgylary:

Aşgabat şäheri boýunça:

Merkezi diwany - Aşgabat ş. Çandybil şaýoly, 121-nji jaýy;
Tel: 44-41-12,  44-41-36

Azatlyk şahamçasy  - Aşgabat ş, Baba Annanow köçesiniň 165-nji jaýy.
Tel: 28-06-82

Köpetdag şahamçasy - Aşgabat ş, B.Garryýew köçesiniň 2A jaýy.
Tel: 94-39-29,  94-39-14

Çandybil şahamçasy - Aşgabat ş, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 110jaýy.
Tel: 21-71-53

Aşgabat şahamçasy - Aşgabat ş. H.Annadurdyýew köçesiniň 54-nji jaýy;
Tel: 44-70-07

Büzmeýin şahamçasy - Büzmeýin etraby, Gündogar köçesiniň 3-nji jaýy
Tel: 33-07-67

Ahal welaýaty boýunça:

Sarahs şahamçasy - Sarahs etraby, Sarahs şäheri, Şeýdaýy köçesiniň 1-nji jaýy
Tel: (8-00131) 44-0-30

Mary welaýaty boýunça:

Mary welaýat şahamçasy  -  Mary ş. Niýazow köçesiniň 9-njy jaýy.
Tel: (8-00522) 6-13-61

Şatlyk şäher şahamçasy  - Oguzhan etrap Mary köçesi
 Tel: (8-00522) 7-04-52

Baýramaly şäher şahamçasy - Baýramaly ş. Altyn Asyr köçesiniň 35-nji jaýy
Tel: (8-00564) 6-00-42

 Ýolöten şäher şahamçasy - Ýolöten ş. Gurt Gaýypow köçesiniň 70-nji jaýy
Tel: (8-00560) 6-28-75

 Lebap welaýaty boýunça:

Lebap welaýat şahamçasy - Türkmenabat ş. Ahal köçesiniň 6-njy jaýy. 
Tel: (8-00422) 3-62-83

Magdanly şäher şahamçasy - Magdanly ş. Bitaraplyk köçesiniň 2-nji jaýy.
Tel: (8-00440) 5-05-41

Gazojak şäher şahamçasy - Gazojak ş. Magtymguly köçesiniň 154-nji jaýy.
Tel: (8-00445) 51-3-07

Seýdi şäher şahamçasy - Seýdi ş. Bitaraplyk köçesi.
Tel: (8-00461) 2-28-29

Türkmenabat şäher şahamçasy - Türkmenabat ş.P/O14 (Aragatnaşyk bölümi)  
Tel: (8-00422) 7-90-85       

Garlyk şäherçe şahamçasy - Garlyk ş. Galkynyş köçesiniň 5-nji jaýy
Tel: (8-00440) 2-40-01          

Daşoguz welaýaty boýunça:

Daşoguz welaýat şahamçasy - Daşoguz ş. Alhorezmi köçesiniň 29-njy jaýy.
Tel: (8-00322) 9-37-78

Görogly etrap şahamçasy - Görogly şäherçesiniň, S.A.Niýazow köçesiniň  32-nji    
jaýy.  Tel: (8-00340) 30-3-62

Köneürgenç etrap şahamçasy - Köneürgenç etraby, Akgala geňeşli.
Tel: (8-00322) 5-81-95

 Balkan welaýaty boýunça:

Balkan welaýat şahamçasy - Balkanabat ş. Nebitçiler şaýoly,195 ýaşaýyş toplumy
Tel: (8-00222) 7-75-77

Türkmenbaşy şäher şahamçasy - Türkmenbaşy ş. Magtymguly köçesiniň1-nji jaýy.
Tel: (8-00243) 2-02-99

Hazar şäher şahamçasy - Hazar, Magtymguly köçesiniň 1-nji jaýy.
Tel: (8-00240) 2-03-20

Garabogaz şäher şahamçasy - Garabogaz, Magtymguly köçesiniň, 4-nji jaýy.
Tel: (8-00244) 4-00-93

(Şahsy taraplar)

Hormatly müşderiler!

Raýatlara mellek ýerinde şahsy hojalygy ýöretmek üçin mikrokarzlar

Karzlar 6 aýa çenli ýeňillik döwri bolan, 3 ýyla çenli möhlet bilen, 30 000,00 (otuz müň) manadyň çäginde ýyllyk 10% tölegli berilýär.

Karzy resmileşdirmek üçin banka tabşyrylmaly resminamalar.

  • Karz almak üçin arza-maglumatnama;
  • Karz alyjynyň pasportynyň göçürme nusgasy;
  • Karz alyja bellenilen tertipde bölünip berlen mellegiň (ýer böleginiň) bardygy baradaky resminama;
  • Soňky iş ýylynda girdejileriň we alynýan tutumlaryň mukdary barada karz alyjynyň we zamun bolujynyň iş ýerinden eýeleýän wezipesini görkezmek bilen girdejiligini kesgitleýän resminamalar;
  • Alynjak harydyň bahasyny tassyklaýan resminamalary;
  • Başga çeşmelerden alýan girdejileri bar bolan ýagdaýynda, olary tassyklaýjy resminamalar;
  • Zerurlyk ýüze çyksa goşmaça resminamalar hem talap edilip bilner.

Karzlaryň berilmegi milli pulda-manatda, nagt däl görnüşinde bank kartlaryna ýa-da gönümel karz hasabyndan tölegleri geçirmek bilen amala aşyrýar.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky alyp barýan karz syýasatyna   laýyklykda, raýatlara şu aşakdaky karz hyzmatlaryny hödürleýär:

  1. Sarp ediş maksatlaryna ýyllyk 12% tölegli, 3 ýyla çenli;
  2. Durmuş gurýan ýaş maşgalalara  öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin ýyllyk 1% tölegli, 3 ýyla çenli
  3. Saglygy bejertmek bilen bagly tölegler, sanatoriýa bejeriş hyzmatlary üçin tölegleri tölemek maksatlaryna ýyllyk 7% tölegli, 2 ýyla çenli;
  4.  Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan fiziki şahslara ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlaryna okuwyň  töleglerini nagt däl görnüşinde tölemek üçin ýyllyk 5% tölegli, 5 ýyla çenli.

Sarp ediş maksatlary üçin karzlaryň berilmeginiň şertleri: 

  • fiziki şahslara – Türkmenistanyň raýatlaryna; 
  • Türkmenistanyň milli pul birliginde (manat); 
  • sarp ediş islegleri üçin;
  • girdejisi bar bolan fiziki şahslara;
  • 1 ýyldan 3 ýyla çenli möhleti bilen;  
  • ýyllyk 12% göterim derejesi bilen. 

Karzyň aňry çäk möçberi şulardan ybarat bolup biler:   

  • karzyň üpjünçiligi hökmünde 1 zamunçynyň zamunlygy berilende 12 000 manada çenli, 2 zamunçynyň zamunlygy berilende 24 000 manada çenli, 3 zamunçynyň zamunlygy berilende 36 000 manada çenli, bu karzlar 3 ýyla çenli möhleti bilen berilýar; 
  • girew emlägi bilen üpjün edilmegi bilen  60 000 manada çenli, 3 ýyla çenli möhleti bilen (karzy almak isleg bildirýän fiziki şahsyň alýan girdejisiniň we/ýa-da onuň maşgalasynyň girdejisiniň 50% mümkinçilik berýän ýagdaýynda, karzyň möçberi ýokarlandyrylyp biliner. 

Karz alyja karzyň berilmegi Bank tarapyndan bir gezekde ýa-da tapgyrlaýyn bermek, hasaplaşygyň nagt däl görnüşinde onuň tabşyrygynyň esasynda ýa-da plastik karz kartyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.

Sarp ediş maksatlary üçin karza ýüz tutmak üçin zerur resminamalar

Karz alyjy üçin:

  • Karzy almak üçin arza (görnüşini ýüklemek)
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdeji barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek). Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Maşgala düzümi we ýaşaýan ýeriniň ýazgysyny kesgitlemek üçin kepilnama
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

Zamunçylar üçin:

  • Karz alyjynyň karzy boýunça zamunçy bolmak razyçylygyny berýän arza (görnüşini ýüklemek)
  • Pasportyň nusgasy (karz resmileşdirilende asyl nusgasy görkezilýär)
  • Girdejii barada güwänama (ähli tutumlar aýrylyp görkezilen arassa girdeji) (görnüşini ýüklemek). Telekeçilik işini alyp barýan raýatlar bolsa girdejileri barada salgyt deklarasiýasyny getirmelidirler
  • Zähmet depderçesiniň nusgasy (möhür bilen tassyklanan bolmaly)

 Girew emlägiň berilmegi ýagdaýynda:

  • Emläge eýeçilik hukugyny tassyklaýan resminamalaryň nusgasy
  • Emläge kesilen bahany kesgitleýän resminama
  • Emlägiň eýesiniň pasportynyň nusgasy

 Siziň rahatlygyňyz hem-de wagtynyzyň tygşytlanylmagy üçin, ýokarda görkezilen resminamalaryň karz işgärleriň tarapyndan deslapky seredilmegi we öwrenilmegi üçin bankyň internet sahypasynda skanerlenen ýa-da jpg görnüşinde ýüklenilip banka ýollanylyp bilner.

Resminamalar bukjasynyň deslapky seredilmeginiň we öwrenilmeginiň işleri geçirilenden soň, Siz bilen habarlaşylar we netijeleri barada maglumat beriler. Ýollanylan resminamalaryň kabul ederlikli bolan ýagdaýynda, Size degişli resmileşdirmäni geçirmek üçin resminamalaryň asyl nusgalaryny banka tabşyrmak üçin gelmäge hödürlener.

Resminamalar ýüklenilende, bankyň karz işgärleriniň Siz bilen habarlaşmagy üçin “bank üçiň habar” meýdançasynda öziňiz barada aragatnaşyk maglumaty: öýjikli, öý we iş telefonlaryňyzyň belgilerini we elektron poçtaňyzy görkezmegiňizi Sizden haýyş edýäris.