“ÝYLDYRYM” PUL GEÇIRIMLERI
Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky hyzmatlaryň şu aşakdaky görnüşlerini hödürleýär:
“Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy.
Milli pulda “Ýyldyrym” pul serişdelerini geçirmegiň elektron ulgamy Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik bankynyň önümi bolup, Türkmenistanyň sebitlerinde ilata hyzmat edilişini gowulandyrmak üçin ornaşdyrylandyr.
Hyzmatyň öňdebaryjy täze görnüşi Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň şahamçalarynyň süyşirintgiler-pulhanasynyň üsti bilen pul serişdelerini “ýyldyrym çaltlygynda” gysga möhletde, gyssagly pul geçirimlerini amala aşyrmaga hem-de pul serişdelerini almaga mümkinçilik berer.
Bankyň gyssagly pul geçirimleri – bu ene-atalaryň çagalara, harby gullukçylara, talyplara, okuwçylara, ýaş maşgalalara, dynç alýanlara, iş saparlaryna gidenlere we işewür adamlara (telekeçilere) maddy kömeginiň ygytabarly guraly bolup durýar.
Ýurduň ilaty üçin nagt pul serişdeleriniň bankara geçirimleri olara gyssagly wagtyň içinde puly bir şäherden beýleki şähere aşyrmak bilen baglanyşykly iň az çykdajyly hem-de hiç hili töwekgelçiliksiz geçirmäge mümkinçilik berer.
“Ýyldyrym” goýum hasabyndan pul serişdelerini pasportyny görkezmek bilen, Türkmenistanyň raýatlary geçirip bilerler.
Pul serişdeleriniň elektron geçirimleri talap edilýänçä hasabyna girizilen serişdelerden nagt pul serişdeleri arkaly amala aşyrylýar.
“Ýyldyrym” pul geçirimleri barada gyzyklandyrýan ähli meseleler boýunça Türkmenistanyň „Türkmenbaşy“ paýdarlar täjirçilik bankynyň Merkezi edarasyna we ähli şahamçalaryna ýüz tutup bilersiniz.